Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar Logistik» kärhanasy ýükleri konteýnerlerde daşamak hyzmatyny hödürleýär

13:2207.10.2021
0
6753
«Hazar Logistik» kärhanasy ýükleri konteýnerlerde daşamak hyzmatyny hödürleýär

Halkara logistika ulgamynyň agzasy bolan «Hazar Logistik» hususy kärhanasy ýükleri konteýnerlerde dünýäniň islendik künjegine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

Ýükleri multimodal usulda, şol sanda kontinentara ugurlar boýunça daşamaklyk, ulaglaryň dürli görnüşlerini ulanmaga mümkinçlik berip, ýükleri konteýnerlerde daşamaklyk üçin wagty tygşytlamaga ýardam edýär. Kompaniýa konteýner ýüklerini deňiz, gara, demir we howa ýollary arkary daşaýar.

«Hazar Logistik» Türkmenistan üçin ähmiýetli bolan Türkiýe, Hytaý, Russiýa ýaly sebitlerde öz işlerini alyp barýar. Kompaniýanyň ýurduň çäginde 3 wekilhanasy bolup, ol ýük konteýnerleriniň wagtly-wagtynda eltilmegine gözegçilik edýär.

Kompaniýa 15 dürli ýurtdan bolan müşderilerine amatly we bäsdeşlige ukyply bahalary teklip edýär. Müşderileriň isleglerini nazara almak bilen, «Hazar Logistik» kompaniýasynyň hünärmenleri ýüki eltip bermegiň we möwsümleýin çykdajylaryň goşmaça formasyny düzüp, müşderiniň ýüküne laýyk ugur we ulag saýlaýarlar.

«Hazar Logistik» müşderilerine hyzmatlaryň başga-da birnäçe görnüşini hödürleýär, şol sanda:

  • Konteýner ýüklerini deňiz ýollary bilen daşamaklygyň bäsdeşlige ukyply bahalary;
  • Ygtyýarnamaly multimodal logistika hyzmaty (ýükleri düşürmek, geçirmek, gara ýol, demir ýol we beýlekiler). Türkmenbaşy terminalyndaky ýörite şertler;
  • Gümrük resminamalary üçin amatly bahalar;
  • Dolulygyna daşary ykdysady işlerini alyp barmak (import we eksport) we beýleki hyzmatlar;
  • Konsolidasiýa hyzmaty, gözleg hyzmaty we başgalar.

Mundan başga-da «Hazar Logistik» kompaniýasy işleri toplumlaýyn alyp barmak hyzmatyny hem hödürleýär.

Kompaniýanyň 50 hünärmenden ybarat bolan agzybir işgärler topary dürli derejelerde iş alyp barýarlar we müşderiniň islegine görä maslahat bermek işini hem amala aşyrýarlar.

Has giňişleýin maglumaty «Hazar Logistik» kompaniýasynyň web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň