Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» kärhanasy döredilmeginiň 2 ýyllygyny belledi

14:5313.04.2022
0
4856
«Hazar logistik» kärhanasy döredilmeginiň 2  ýyllygyny belledi

«Hazar logistik» logistika hyzmatlarynyň kärhanasynyň işe başlanyna 2 ýyl bolýar. Kärhananyň esasy edarasynda onuň hünärmenleri iş hyzmatlar çygrynda üstünlikli geçen bu ýyllary özboluşly dabara bilen belläp geçdiler.

Geçen gysga döwrüň içinde kärhana özüni ulag-logistika pudagynda ýükleri ygtybarly we tiz daşamakda ynamdar hyzmatdaş hem-de ýokary üpjünçilikli edara hökmünde mälim etdi. Kärhananyň ýükleri daşaýan ýurtlarynyň hataryna sebitiň — GDA ýurtlary, Ýewropa ýurtlary hem-de Hytaý ýaly giň ykdysadyýetli döwletleri girýär.

«Hazar logistik» ulaglaryň demir ýol, howa we deňiz ulaglary ýaly dürli görnüşleri arkaly islendik görnüşdäki ýükleri, şol sanda daşamasy kyn bolan we uly göwrümli ýükleri gatnatmak hyzmatlaryny müşderilere ýetirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň