Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» kompaniýasynyň hünärmeni ýük gatnawlaryna degişli sowallara jogap berdi

11:3215.03.2022
1
11976

«Hazar logistik» Türkmenistanda toplumlaýyn logistiki hyzmatlary hödürleýän ygtybarly kompaniýalaryň biridir.

Kompaniýanyň logistiki goldaw bölüminiň hünärmeni logistika we gümrük işleri bilen bagly iň köp gyzyklanylýan sowallara jogap berdi.

- Gatnaw ýagdaýynda ýüklere zeper ýetmezligi üçin nähili çäreler görülýär?

- Sowal ýönekeý iş ýagdaýyny, ýagny ýüki dogry gaplamagy, berkitmegi hem-de niýetlenilen ýerine eltmegi özünde jemleýän ýaly görünse-de, ol netijeli çözülmegi talap edýän uly meseledir. Şunda ýüke zeper ýetmezligi üçin aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar:

  • Ynanylan ýüki daşamak üçin ulagyň görnüşini dogry saýlamak
  • Oýlanyşykly gaplamak we ýüki bellik etmek
  • Ýüküň gatnawa täsirini ýetirjek aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak
  • Ýükleri ýüklemekde we olary talaba laýyk düşürmekde ýokary derejeli hünärmenleriň hyzmatyndan peýdalanmak

- Daşalan ýükleri ammarlarda birleşdirmek boýunça «Hazar logistik»-de hyzmatlar göz öňünde tutulýarmy?

- «Hazar logistik» kompaniýasynyň eýeçiligine temperaturanyň, çyglylygyň we beýleki şertleriň kadasy saklanylýan ammarlar degişlidir. Olar ýükleriň oňaýly saklanylmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da ammar binalaryna ýangyn howpuny aradan aýyrmak ulgamy ornaşdyrylandyr.

- «Hazar logistik» kompaniýasy gümrük we ýükleri hasaba almak hyzmatlaryny hödürleýärmi?

- Ýükleriň gümrükde hasaba alnyşyny guramak ýük gatnawlaryny amala aşyrmak bilen bagly hyzmatlaryň toplumyna degişlidir. Bu hyzmat ýükleriň serhetde gözegçilikden geçirilişini guramakda zerurdyr.

«Hazar logistik» kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň arasynda Arina Shipping (Kipr), Winco Logistics (Hytaý), Firat Trans (Türkiýe), Rahnik Logistics (Eýran) we başga-da öňdebaryjy transport kompaniýalaryň bardygyny bellemelidiris.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň