«Hazar logistik» kärhanasy müşderilere maslahat beriş hyzmatyny ýetirýär

11:1725.02.2022
0
8669

«Hazar logistik» kärhanasy ýurduň çäginde we onuň daşynda logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde we dürli hili ýükleriň daşalmagyny guramakda Türkmenistanda öňdäki hatarlarda durýar.

Kärhananyň alyp barýan işiniň çäginde awtoulag, demir ýol, howa we deňiz ulaglary ýaly islendik görnüşdäki ulaglarda ýükleri daşamagyň ugruny ýola goýmak bilen baglylykda maslahat bermek hyzmatlary hem ýerine ýetirilýär.

«Hazar logistik» hususy kärhanasynyň hünärmenleri müşderileriň her birine islendik görnüşdäki ýükleriň daşalyşyny, onda gerekli resminamalary düzetmegi, ýurduň ýüküň gatnawyny kesgitleýän gümrük we ätiýaçlandyryş kanunçylygynyň tapawutly aýratynlyklaryny jikme-jik düşündirýärler.

Kärhananyň logistika ulgamynda köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenleri ýükleriň dürli görnüşini Türkmenistanyň islendik sebitine, şeýle-de Özbegistan, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý ýaly ýurtlara hem-de Ýewropa we GDA döwletlerine ykdysady taýdan has amatly hem-de tiz ýollar arkaly eltmegi saýlap almaga ýardam ederler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň