«Hazar logistik» Türkmenistanda ulag gatnaw ugurlaryny artdyrdy

13:0307.02.2022
0
11406

«Hazar logistik» ulag logistika kompaniýasynyň wekilhanasy Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde işini ýola goýdy.

Häzirki wagtda «Hazar logistik» kompaniýasy arkaly ýükleri Türkmenistanyň islendik şäherine iberip bolýar. Ulag logistika kompaniýasy işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen, hyzmatdaşlarynyň sanawyny günsaýyn artdyrýar.

Kompaniýanyň şahamçalary şeýle hem ýurduň Artyk, Sarahs hem-de Farap etraplaryndaky gümrük nokatlarynda işleýär. Bulardan başga-da Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýük daşamalaryny amal edýän kompaniýanyň iş nokatlary bar.

«Hazar logistik» logistikanyň ähli ugurlary boýunça giň gerimde iş alyp barýar we Türkmenistanyň, şeýle-de GDA ýurtlarynyň, Ýewropanyň, Hytaýyň we BAE-niň çäklerinde degişli hyzmatlaryň uly toplumyny hödürleýär.

Hususy kärhana ýurtda logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän iň ygtybarly we elýeter ulgam hasap edilýär. «Hazar logistik» müşderilerine ýokary derejeli logistika hyzmatlaryny hödürlemäge ymtylmak bilen, ammar üpjünçiliginde, paýlama işinde, ýükleri we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmakda uly tejribä eýedir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň