Soňky habarlar

Arhiw

Howply ýükleri daşamagyň aýratynlyklary nämede

0
7730

Islendik ýükleri uzak aralyklara daşamak töwekgelçilik bolup durýar. Ýük zaýalanyp biler, ýitip biler, onuň ýaramlylyk möhleti tamamlanyp biler. Ýöne özbaşyna howp saklaýan ýükler bar, aýratyn hem olary saklamak we ulagly daşamak boýunça ýörite şertler berjaý edilmese, olaryň howpy artýar. Olara howply ýükler diýilýär.

 Howply ýüklere şu aşakdakylar degişli:

  • Partlaýjy maddalar;
  • Howa bilen galtaşmakda ýanýan gazlar, şeýle hem suwuklandyrylan gazlar;
  • Çalt ýanýan suwuklyklar – laklar, boýaglar, düzüminde spirt bolan suwuklyklar, şeýle hem benzin, kerosin;
  • Çalt ýanýan gaty maddalar, şeýle hem suw bilen galtaşanda, ýanyp bilýän maddalar;
  • Beýleki maddalar (ak boýagyň käbir bölekleri) bilen galtaşanda, ýanyp bilýän okislendiriji perekis we organiki maddalar;
  • Zäherli maddalar (sianid, nikotin we ş.m.);
  • Bakteriýalaryň we ýokançlaryň görnüşleri, şeýle hem düzüminde bakteriýalar we ýokançlar bolan maddalar;
  • Radioaktiw maddalar;
  • Iýiji maddalar (kislota, aşgar).

Howply ýüklere şeýle hem litiý-ion, litiý-polimer batareýalary, magnitler, kondensatorlar, ýangyç-çalgy ýaglary, käbir kosmetika we lukmançylyk serişdeleri, awtoulag hereketlendirijileri, akkumulýatorlar, ulag serişdeleri, jemi on müňlerçe ýükler degişlidir.

Umuman ýük howplulylygynyň dokuz derejesi bar, ilkinji üç derejesi has howpludyr, olara partlaýjy maddalar, gazlar we ýanyjy suwuklyklar degişli.

Howply ýükleri islendik görnüşli ulag serişdesi bilen daşamak üçin ýörite gaplar ulanylýar: gutular, kanistralar, çelekler, flýagalar, germetiki konteýnerler. Gaplaryň ählisinde degişli bellikleme bolmaly.

Adatça, howply ýükleri daşamagyň dowamynda iberijiniň wekilleri – ekspeditorlar ýa-da howply maddalar bilen işlemek üçin ýörite taýýarlanan işgärler bilelikde gidýär. Şeýle hem howply we potensial taýdan howply ýükleri daşamak ýokary hünär ussatlygyny talap edýär. Ýükleriň daşalýan ýurtlarynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny gowy bilmeli, rugsatnamalaryň we degişli gaplamalaryň doly toplumyna eýe bolmaly.

Howply ýükleri daşamak üçin ulanylýan awtoulaglar azyndan alty aýda bir gezek tehniki gözegçilik barlagyndan geçirilmeli, sürüjiler bolsa –täze bilimler boýunça okuwy yzygiderli geçmeli.

Howply ýükleri demir ýol ulagy bilen daşamagyň dowamynda şu aşakdaky howpsuzlyk çäreleri berjaý edilmelidir:

  • Howply maddalar üçin konteýnerlerde ýa-da gaplarda temperatura režimine gözegçilik etmeli;
  • Howply maddalaryň zaýalanmagyndan we syzmazlygyndan gaplary ykjam gaplamaly;
  • Wagonlarda şeýle ýükleri berkitmek üçin ýörite enjamlar bolmaly;
  • Iri ilatly nokatlardan, keselhanalardan, şypahana zolaklaryndan geçmeli däl;
  • Tizlik çägine gözegçilik etmeli;
  • Ähli zerur resminamalar we rugsatlar bolmaly.

 Türkmenistanda bu ugurda uly tejribä eýe bolan “Hazar logistik” Hususy kärhanasy awtoulaglary, demir ýol we howa ulaglaryny ulanmak bilen, şeýle hem multimodal usul bilen daşamagyň aýratyn şertlerini talap edýän ýükleri, şol sanda howply ýükleri, halkara daşamak hyzmatlaryny hödürleýär. Ilkinji nobatda, olar Türkmenistanda öndürilýän himiki önümleri, şeýle hem göwrümi uly bolmadyk ýükler, awtoulaglar, stanok enjamlary, gurluşyk materiallary.

“Hazar logistik” Hususy kärhanasynda howply ýükleri daşamak üçin ähli zerur enjamlary bar – refrižeratorlar we izotermiki konteýnerler, suwuk maddalar üçin ýörite germetiki gaplar, agyr ýükleri daşamak üçin platformalar we ş.m.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar