Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» kärhanasynyň resmi saýtyndan peýdalanmak boýunça gollanma

0
14414

«Hazar logistik» Türkmenistanda we ondan daşary çäklerde ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly ýükleri daşamak hyzmatyny ýerine ýetirýän öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar. Kärhananyň hyzmatlarynyň gerimi örän giň bolup, ol islendik görnüşli ýükleri awtomobil ýollary, demir ýol, howa we deňiz ýollary arkaly daşamagy, ulag-üstaşyr geçelgeler bilen ýük gatnawyny amala aşyrmagy, ekspeditorçylyk hyzmatlaryny, ýükleri ýüklemek we ammarlarda saklamak amallaryny üpjün edýär.

Müşderileriň hödürlenýän hyzmatlardan amatly peýdalanmagy üçin kärhana öz alyp barýan işi barada giňişleýin maglumatlary tanyşdyrýan web saýtyny döretdi. Web sahypanyň sag tarapynyň ýokary burçunda hyzmatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän dili — türkmen, rus we iňlis dillerinden birini saýlap bolýar. 

Sahypanyň aşaky böleginde bolsa kärhananyň sosial ulgamlardaky hasaplaryna girmäge mümkinçilik berýän salgylanmalar ýerleşdirilen.

Web saýtyň «Hyzmatlar» bölüminde «Hazar logistik» tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlar: deňiz ulaglarynda, awtoulaglarda, demir ýollarda, howa ulaglary arkaly ýük daşamalary, şeýle-de konteýnerlerde we multimodal ýük gatnatmalary ýaly hyzmatlar bilen tanşyp bolýar. Bu bölümde kärhananyň hyzmatlary, ýükleri daşamakdaky aýratynlyklar we dürli görnüşli ýükler barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

«Logistika» bölüminde demir ýollar we deňiz ýollary, olaryň başlangyç hem-de ahyrky nokatlary, harytlaryň Türkmenistan bilen serhetleşýän ýurtlaryň üstünden geçmegi we kompaniýanyň bu hyzmatlarynyň bahalary barada habar berilýär. Şeýle-de bölümde Türkmenistanyň gurluşyk edaralary we kärhanalary üçin demir ýol arkaly gurluşyk materiallaryny eltip bermek boýunça edilýän hyzmatlar barada maglumatlar ýerleşdirilendir.

«Täzelikler» bölüminde kärhananyň ýeten derejeleri hem-de içerki bazarda gazanýan netijeleri bilen tanyşmak bolýar.

«Hazar logistik» kärhanasy baradaky maglumatlar «Biz barada» diýen bölümde berilýär. Kärhananyň alyp barýan işleri bilen birlikde, bu bölümde onuň habarlaşmak üçin ýetirilýän salgylary: telefon belgileri we fakslary, elektron poçta salgysy, poçta salgysy hem-de «Hazar logistik» kärhanasynyň esasy dolandyryş merkeziniň kartada anyk ýerleşýän salgysy (Mary şäherinde ýerleşýär) görkezilýär. Bu ýerde kärhana ýüz tutmak üçin işewürlik hatyny ibermek mümkinçiligi döredilen. Bu bölümçäniň salgylanmasy web saýtyň baş sahypasynda hem «Ýüz tutuň» diýen bölüm görnüşinde görkezilýär.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar