Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» hususy kärhanasy ýük otlularynyň parkyny giňeltdi

10:5231.03.2022
0
5902
«Hazar logistik» hususy kärhanasy ýük otlularynyň parkyny giňeltdi

«Hazar logistik» ulag-logistika kärhanasy ýükleriň dürli hili görnüşlerini daşamak maksady bilen, ýük otlularynyň parkyny artdyrdy.

Kärhananyň ulaglar düzüminde un, däne, gum ýa-da sement, çagyl we ş.m. ownuk ýükleri daşamak üçin otlular, nebit önümleri we himiki suwuklyklar üçin sisternler, awtoulaglary, mallary, ýörite enjamlary, tokaý böleklerini daşamak üçin niýetlenen ýörite otlular, şeýle hem sowadyjylar we izotermik konteýnerler (termoslar) bar.

«Hazar logistik» kärhanasynyň demir ýollar arkaly halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrmak üçin niýetlenen üpjünçilikli tehnikalary dürli görnüşdäki we daşamasy kyn bolan ýükleri Türkmenistanyň çägine, şeýle hem Özbegistan, Owganystan, Gazagystan, Eýran hem-de Russiýa we Hytaý ýaly ýurtlara daşamaga ýardam edýär.

Şunuň bilen birlikde, kärhananyň müşderileri demir ýol konteýnerlerini tiz ibermek hyzmatyndan hem peýdalanyp bilerler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň