Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar logistik» kompaniýasy multimodal ýük gatnawlary boýunça hyzmatlary hödürleýär

10:2925.03.2022
0
11423

«Hazar logistik» kompaniýasy telekeçilere we eksport edijilere Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Russiýa, Hytaý, Owganystan döwletlerinde we Türkmenistanyň çäginde multimodal ýük gatnawlary boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Ýükleriň bir ugur we ýeňilleşdirilen görnüşde daşalmagy mümkin bolmadyk halatynda multimodal ýük gatnawlary oňaýly usul bolup hyzmat edýär.

«Hazar logistik» kompaniýasynyň hünärmenleri ýurtlaryň kanunçylygyny, ýükleriň haýsy ulag görnüşleri arkaly daşalmalydygyny we eltip bermegiň möhleti ýaly aýratynlyklary nazara alyp, ýükleriň daşalmaly ugurlaryny içgin öwrenýärler.

Müşderilere ýükleri ýokary hil derejesinde we öz wagtynda gowşurmak «Hazar logistik» kompaniýasynyň esasy iş ugrudyr.

Sowal-jogap üçin telefon belgisi: +993 63 162934.

Elektron poçtanyň salgysy: info@hazarlogistik.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň