Soňky habarlar

Arhiw

«Halkara standart hyzmatlary» HK ISO 9001:2015 standarty boýunça okuwlara çagyrýar

12:1725.04.2024
0
12053

«Halkara standart hyzmatlary» HK halkara hyzmatdaşy «CERT Academy» bilen bilelikde Türkmenistanyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin ISO 9001:2015 hilini dolandyryş ulgamlarynyň halkara standarty mowzugy boýunça okuwlary geçirýär.

Okuwlar 29-njy aprelden 2-nji maý aralygynda geçiriler.

Halkara standartlaşdyryş guramasy (ISO) tarapyndan işlenip düzülen ISO 9001 standarty dünýäde iň meşhur hil dolandyryş ulgamy standartydyr. Ol kärhanalara we guramalara amallaryny tertipleşdirmäge hem-de olary müşderiniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gönükdirmäge kömek edýär.

Hakykatdanam, işewürlik we halkara söwda pudagyndaky köp sanly bilermenler ISO 9001 güwänamasynyň bolmagynyň kärhana üçin halkara bazarynda iň uly üstünlik bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Geçiriljek okuwlar bölümleriň we amallaryň ýolbaşçylary, hil dolandyryş ulgamyny (HDU) işläp düzmek we ornaşdyrmak işine jogapkär hünärmenler, şeýle hem içerki auditorlar üçin niýetlenendir. Okuw döwründe diňleýjiler ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryny jikme-jik öwrenerler we olary amaly meseleler bilen özleşdirerler.

Bu ugurda Türkmenistanda ýokary hünär derejeli we ýörite sertifikata eýe mugallymyň bolmagy kynçylyklary ýeňilleşdirip, okuwyň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Mugallym Gülistan Gafurowa – 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan halkara auditor. Ol sertifikatlaşdyrmak boýunça abraýly halkara guramalarynyň agzasydyr: IRCA (Beýik Britaniýa), «CERT INTERNATIONAL» (Slowakiýa) we «TÜV Thüringen» (Germaniýa). Gülistan Gafurowa Türkmenistanda dolandyryş ulgamlarynyň 200-den gowrak auditini geçirdi.

Okuwlar tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylara «CERT Academy» şahadatnamasy berilýär.

Okuwlara ýazylmak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat almak üçin vera.r@hil-tm.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyň ýa-da (+993 65) 80 27 83 telefon belgisine jaň ediň.

«Halkara standart hyzmatlary» HK okuwlar tamamlanandan soň elmydama mugt maslahat beriş goldawyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň