Soňky habarlar

Arhiw

«Arzuw haly» dükany kesme we taýýar halyçalary alyjylara ýetirýär

10:1331.05.2022
0
5187
«Arzuw haly» dükany kesme we taýýar halyçalary alyjylara ýetirýär

Alyjylar köpçüligini döwrebap haly önümleri bilen üpjün edýän «Arzuw haly» dükanlar tory türkmenistanlylara halyçalaryň bitewi hem-de kesme görnüşlerini hödürleýär.

«Arzuw haly» dükanynyň bu önümleri reňkleriniň sazlaşygy we gölleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Alyjy dükandan öz öýüniň stiline laýyk gelýän halyçany ýeňillik bilen tapyp biler.

Halyçalar inligi inçe bolan dälizlere ýazmak üçin, girelge, basgançaklar, şeýle-de adaty halylary ýerleşdirip bolmaýan gysga ýerler üçin iň oýlanyşykly çözgütdir.

Halylary «Arzuw haly» dükanyndan almagyň ýerlikli tarapy bu ýerde halynyň ýa halyçanyň müşderiniň islegine görä ululykda kesilip berilmegi bilen, onuň gyralarynyň-da adaty halynyňky ýaly derejede owerlok edilmegidir. Bu bolsa edil siziň halyny ýazjak ýeriňize laýyk gelip, tertipli ýerleşer.

Kesme halyçalardan başga-da, «Arzuw haly» dükanyndan myhman otag üçin, ýatylýan hem-de çagalaryň otagy üçin niýetlenen halylary, namazlyklary hem-de beýleki haly önümlerini tapmak bolýar.

Habarlaşmak üçin dükanyň salgylary:

  • Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Beýik bina» söwda dükany;
  • Mary şäheri, aýlawly köçe, (Obýezd);
  • Türkmenabat şäheri, Azatlyk köçesi, 3-nji kiçi etrapça, «Saraý» söwda dükany;
  • Balkanabat şäheri, 89-njy kiçi etrapça, «Arzuw haly» dükany., Telefon belgileri: +993 65 063032, +993 65 092603;
  • Daşoguz şäheri, Bitaraplyk köçesi, «Arzuw haly» dükany., Telefon belgisi: +993 61 823292.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň