Soňky habarlar

Arhiw

«Arzuw haly» dükanlarynda türkmen halylarynyň giň toplumy alyjylara ýetirilýär

10:4207.05.2022
0
4711

«Arzuw haly» dükanlary türkmen halylaryna isleg bildirýänler üçin öňdebaryjy haly kärhanalarynyň önümlerini hödürleýär. Dükanyň haly görnüşleriniň hatarynda milli göller bilen bezelen onlarça halylar alyjylara ýetirilýär.

Her inedördül metre 400 müň çitim çitmäge mümkinçilik berýän ýörite dokma tehnikasynyň kömegi bilen dokalýan türkmen halylary berkligi, uzak ýyllap ilkibaşdaky durkuny saklaýanlygy bilen tapawutlanyp, birnäçe nesilleriň öýlerini gözelligi bilen bezeýär.

Milli gölli halylaryň reňk sazlaşygynda garamtyl-gyzyl, goňras öwüşginler, onuň çyzgylarynda bolsa mämişi, ýaşyl, gara we gök reňkler ulanylýar. Aýdyň we özboluşly bezege eýe bolan halylar islendik öý bezegi bilen sazlaşykly utgaşýar.

«Arzuw haly» dükany satyn alnan harytlary Aşgabadyň çägine-de, welaýatlara hem tölegsiz esasda eltip berýär.

Bellesek, «Arzuw haly» dükanlarynda myhman otaglar, ýatylýan otaglar, çagalar otaglary üçin göwnejaý halylary, namazlyklary we dürli bezegleri tapmak bolýar.

Dükanyň hödürleýän haly önümleri bilen şu salgylara baryp tanşyp bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi (Öňki Obýezdnoý) «Beýik bina» söwda merkezi;
  • Mary ş., Aýlaw ýoluň ugrunda;
  • Türkmenabat ş., Azatlyk köçesi, 3-nji kwartal, «Saraý» söwda merkezi;
  • Balkanabat ş., 89-njy kwartal, «Arzuw haly» dükany. Tel: +993 65 063032, +993 65 092603;
  • Daşoguz ş., Bitaraplyk köçesi, «Arzuw haly» dükany. Tel: +993 61 823292.

Şunuň bilen birlikde, «Arzuw haly» dükanyndan halylary onlaýn sargyt edip ýa-da +99362365566, +99361937333 (Mary), +99364700661 (Lebap), +99361823292 (Daşoguz), +99365063032 (Balkan) belgiler arkaly IMO messenjerinden satyn alyp bolýar. Şeýle-de dükandan söwda etmek üçin arzuwhalyashgabat@mail.ru elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň