Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda we Daşoguzda «Arzuw haly» dükanlary açyldy

14:2703.05.2022
0
7686

«Arzuw haly» haly önümleriniň dükanlarynyň üsti ýene 2 sany söwda nokatlary — Balkanabat we Daşoguz şäherlerindäki täze dükanlar bilen ýetirildi.

«Arzuw haly» dükanlaryndan islendik ýerde ulanmak üçin zerur bolan haly önümlerini, şol sanda myhman otaglar, ýatylýan otaglar, çagalar otaglary üçin göwnejaý halylary, ulaglaryň haly örtüklerini, namazlyklary we dürli bezegleri tapmak bolýar.

Bu kärhana Eýrandan we Türkiýeden özboluşly önümçilige eýe bolan halylary, şeýle-de ýerli önümçiligiň halylaryny içerki bazarda 2008-nji ýyldan bäri halk köpçüligine ýetirip gelýär. Onuň dükanlaryndaky önümler sintetik süýümden (akril, polýester), ýüňden we ýüpekden dokalýar. Şunuň bilen birlikde, dükanlardan islendik öý bezegine kybap geljek halylary — geometrik nagyşly ýa-da milli öwüşgindäki göller bilen, şonuň ýaly-da döwrebap abstrakt bezegler esasynda dokalan halylary tapyp bilersiňiz.

Dükan Aşgabat şäherine we ýurduň beýleki şäherlerine satyn alnan harytlary tölegsiz eltip bermek hyzmatyny hem-de otaglaryň ölçeglerine laýyklykda halylaryň gyralaryny deňlemek işlerini hem ýerine ýetirýär.

«Arzuw haly» dükanlary Aşgabat, Balkanabat we Daşoguz şäherlerinden başga-da, Mary we Türkmenabat şäherlerinde işleýär.

Habarlaşmak üçin dükanyň salgylary:

  • Balkanabat ş., 89-njy kwartal, «Arzuw haly» dükany. Tel: +993 65 063032, +993 65 092603;
  • Daşoguz ş., Bitaraplyk köçesi, «Arzuw haly» dükany. Tel: +993 61 823292.

«Arzuw haly» dükanynyň Aşgabatdaky, Marydaky we Türkmenabatdaky salgylaryny şu salgylanma boýunça tapyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň