Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gadymy halylar: özboluşly hem öwüşginli reňkler

0
13247

Gadymy halylar islendik öýüň içki bezegine kaşaňlyk berýän inçe önümlerdir.

Milli göller öýüň döwrebap bezeg usullary — minimalizm, skandi, loft, metal haý-tek bilen sazlaşyp, jadylaýjy gözelligi döredýär. Gadymy halylaryň dokalyşynda ulanylan tebigy materiallar beýleki öý-goş perdeler, deri mebelleri we metal gapylar bilen utgaşýar.

Surat: ru.decor-modern.com

Häzirki günlerde gadymy halylaryň alyjylara ýetirilýän görnüşleri san taýdan juda kän. Ýüň we ýüpek, süýümli we süýümsiz, kesgitli geometrik gölli we reňkli milli halylar dizaýnerleriň öýi bezemekde ulanýan esasy serişdesine öwrüldi.

Milli halylaryň şeýle görnüşlerini «Arzuw haly» dükanyndan satyn alyp bilersiňiz. Bu ýerde gadymy halylaryň ähli görnüşleri — nusgawy görnüşinden başlap, gök, ýaşyl, gyzyl we beýleki reňkli milli görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Halylar gölleri boýunça hem özara tapawutlanýarlar. Olara geometrik çyzyklarda örülen, reňkler bilen bezelen, göller salnan we beýleki görnüşli halylar degişlidir.  

Dükanda ýerleşdirilen türkmen, eýran we türk halylaryny düzümi boýunça hem aýratynlandyrmak bolar. Bu ýerde ýüpekden, tebigy materiallardan, sintetikadan we beýleki materiallardan dokalan halylar bar.

Dükanyň hünärmenleri halynyň ýazyljak ýerini ölçemek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýärler we niýetlenilen ýer üçin laýyk halylary saýlamaga ýardam berýärler. Şeýle hem dükan tarapyndan halylary ölçege görä kesmek we gyralaryny tikmek hyzmatlary ýola goýlandyr.

Çünki müşderileriň islegine ýykgyn etmek «Arzuw haly» dükanynyň esasy iş ugrudyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar