Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Şeýle-de bolsa ilkinji halynyň haçan dokalandygy hakynda takyk maglumaty aýtmak kyn. Birnäçe halklaryň birek-birekden habarsyz haly dokamak işi bilen bir döwürde meşgullanyp başlamagy haýran galdyryjydyr.
Halylar hakynda birnäçe gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşmak isleýäris.
- Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilkibaşdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy.
- Halyçylyk adamzadyň ele alan hünärleriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de ol ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
- Niderlandiýada dizaýnerler tarapyndan metal çüýler, aş önümleri we beýleki materiallar arkaly döredilen täsin halylaryň sergisi guralýar. Üýtgeşik önümlerden taýýarlanan bu halylaryň gözelligi haýran galdyrýar.
- Gyzyl halylaryň patyşalara, ýolbaşçylara we baý adamlara laýyk görülýändigi hemmelere mälimdir. Amerikan gurnaýjysy gyzyl halyny golliwud filmleriniň ilkinji gezek görkeziliş dabarasynda ýazmak bilen bu adata üýtgeşme girizipdir. Onuň bu başlangyjy häzirki wagtda hem kino durmuşynyň möhüm wakalarynda dowam etdirilýär.
- Orta asyrlarda Ýewropada halylar ýaýramandy. Olaryň wezipesini gamyşdan we onuň baldajyklaryndan taýýarlanan önümler ýerine ýetiripdir. Bu düşekçeler hapalanýança peýdalanylypdyr. Soňra olar arassalanmazdan zyňylypdyr.
- Pars döwletinde gadymy ýüpek el halysy 2008-nji ýylda auksionda ABŞ-nyň 4 450 000 dollaryna satyldy. Ol häzirki güne çenli auksionda satylan iň gymmat bahaly halydyr.
Halylar hiç haçan öý bezeginde öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Öý eýeleri haly saýlamakda öz islegine salgylanýarlar. Şeýle-de bolsa bu ugurda hünärmeniň maslahaty artykmaçlyk etmez. Haly we haly önümleriniň bazarynda tejribeli hünärmenler «Arzuw haly» dükanynda zähmet çekýärler. Olar müşderiniň islegine we talabyna görä, haly harytlaryny saýlamaga ýardam edýärler. Halylary ölçemek we gyralaryny ýörmemek işleriniň mugt ýerine ýetirilmegi müşderiler üçin uly amatlylygy döredýär.
«Аrzuw haly» dükanlary Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky «Beýik bina» söwda merkeziniň birinji gatynda, Mary şäheriniň halkalaýyn ýolunyň(geçelge) ugrunda, şeýle hem Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň 3-nji kwartalyndaky «Saraý» söwda toplumynda ýerleşýär.
Şeýle-de okaň: