Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pars halylary. Taryh we döwrebaplyk

0
7924

Gadymy döwürlerden bäri halylar esasy niýetlenilişinden – öýleri ýylatmakdan başga-da, oňa bezeg bermek hem-de rahatlyk döretmek hyzmatyny ýerine ýetirip gelipdir.

Çarwadar taýpalar tarapyndan elde taýýarlanylan düşeklerdir halylar ähli döwürlerde has meşhur bolupdyr. Şol döwürlerde halylar öýi çägeden we ýelden goramak hem-de daşyny gurşamak üçin niýetlenilipdir. Wagtyň geçmegi bilen adamlarda bu hojalyk önümleriniň diňe ulanyş üçin amatlylykdan başga-da, gözellik taýdan hem kämil bolmagyna isleg döräpdir.

Pars medeniýeti halyçylygy ýokary suratkeşlik derejesine ýetirip,   pars halylaryny bu sungatyň nusgalyk görnüşlerine öwren ilkinji siwilizasiýalaryň biridir. Eýran halyçylarynyň asyr boýy kämilleşen ussatlygy bilen gaýtalanmajak, nepis hem inçe senet kemala gelipdir. Halylarda ýerleşdirilen her bir gölüň, her bir çyzygyň kesgitli ýeri bolup, olar özboluşly manyny aňladýar.

1949-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan «Pazirik» halysy iň gadymy nusgalaryň biri hasaplanylýar. Ol biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda döredilipdir. Häzirki wagtda ol Sankt-Peterburgyň muzeýinde saklanýar. Şol gadymy döwürlerde dokalan halylaryň ýokary hilliligi olaryň häzirki güne çenli asyl görnüşini saklamagyna ýardam edýär. Pars halylary çydamlylygy we owadanlygy bilen tapawutlanyp, XV-XVII asyrlar taryhda olaryň «altyn asyry» hasaplanylýar. Hut şol döwürlerde halyçylyk tilsimleri kämilleşdirilip, olaryň dokalyş usuly boýunça şäherini we halyçyny anyklamak mümkin bolupdyr.  Wagtyň geçmegi bilen pars halylarynyň dokalyş tilsimleri beýleki döwletlere hem ýaýrapdyr. Şonuň netijesinde, halylar reňk we material, soňa baka bolsa gölleriniň görnüşleri boýunça tapawutlanypdyr.

Häzirki günlerde hem halylar otag bezeginiň möhüm bölegidir. Her bir halynyň özboluşly aýratynlygynyň bardygy sebäpli, otaglara laýyk halyny saýlamak üçin ýörite hünärmenlere ýüz tutmak maksada laýykdyr.

«Arzuw haly» dükany türkmen, eýran we türk halylarynyň döwrebap nusgalaryny dürli ölçeglerde hem görnüşlerde ilata hödürleýär.

Dükanda halylaryň geometriki çyzykly, dürli gölli, abstrakt we awangard görnüşleri bar. Harytlaryň görnüş hem ölçeg taýdan köplügi sebäpli, bu ýerden islendik otag bezegine, gündogara mahsus ugurdan başlap, meşhur haý-tek usulyna laýyk geljek halylary satyn almak bolýar.

«Arzuw haly» dükanynyň paýtagtymyzdaky söwda nokadyndan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda şahamçalary hereket edýär. Mary we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylary öz ýaşaýyş jaýlaryny «Arzuw haly» dükanynyň haly önümleri bilen bezäp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar