Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Reňkler we täsirler: «Ak Gaýanyň» hünärmenleri interýere gelişmeýän öwüşginleri aýtdylar

0
6242

«Ak Gaýa» dükanynyň hünärmenleriniň interýere iň gelişmeýän reňkler baradaky pikiri sizi geň galdyrsa gerek. Häzirki dizaýnerlik çözgütlerinden çen tutulsa, uniwersal diýip hasaplap öwrenişen käbir öwüşginlerimiz, aslynda, gurşawa gelişmeýän keşbi döredýär. Munuň sebäbini anyklamaga çalşalyň.

Açyk we doýgun reňkler (mysal üçin, elektrik gök ýa-da açyk gyzyl...) ilkibada göreniňde özüne çekiji bolup görünýär. Şeýle-de bolsa, olaryň artykmaç öwüşgini ýadadyjy we birahat ediji äheňe eýe bolup biler. Iň amatly çözgüt interýeriň goşmaça elementleri hökmünde bu reňkleriň has dymyk öwüşginlerini ulanmak bolar.

Gara reňk, gürrüňsiz, interýere ajaýyp we döwrebap görnüş berýär. Şeýle-de bolsa, ony aşa köp ulanmak agyrlyk we garaňkylyk duýgusyny döredip biler. Esasanam, tebigy yşyk ýetmezçiligi bolan kiçijik otaglarda gara reňki ulanmak maslahat berilmeýär. Ony bölekleýin zatlar üçin we goşmaça hökmünde ulanmak has ýerlikli bolar.

Ýaşyl ýa-da gülgüne ýaly neon reňkler gözlere gaty agressiw bolup, synlanyňda tiz ýadadyp bilýär. Olaryň has ýagty öwüşgini we ünsüňi çekiji täsiri interýer dizaýny üçin ýerlikli saýlaw däldir.

Açyk gülgüne ýa-da açyk mawy ýaly gaty ýeňil ýa-da reňkdar reňkler  we ýüregiňi gysdyryjy we kadasyzlyk duýgusyny döredip biler. Bu öwüşginler otaga ýylylyk we häsiýet gatmaýar, gaýtam ony örän adaty, ähmiýetsiz derejä getirýär.

Goňur we bež reňkleriniň garamtyl öwüşginleri interýeri köne we ýürekgysgynç görkezip biler. Bu täsiriň öňüni almak üçin bolsa interýeri has täsin we döwrebap etjek dürli öwüşginleri, şekilleri we çyzgylary ulanmak maslahat berilýär. Kiçijik otaglarda goýy reňkleriň boşlugy görüş taýdan daraldýandygyny hem ýatdan çykarmaly däldiris.

Açyk gülgüne reňkiň meşhurlygyna garamazdan, ol, esasan-da ýaşlaryň arasynda tiz ýadadyjy täsire eýe bolup, has çaga islegine kybap görünýär. Bu reňki çagalar otaglarynda ýa-da ýatylýan otagda, ýa bolmasa-da hammamda goşmaça element hökmünde ulanmak maslahat berilýär.

Öýüňiziň interýerinde haýsy öwüşginleri ulanmak isleýän bolsaňyz hem, «Ak Gaýa» dükanyndaky professional lak-boýag materiallary ideýalaryňyzy hakykata öwürmäge ýardam eder.

«Ak Gaýa» dükanynyň assortimentinde esasy üç sany haryt nyşanly önümler hödürlenýär: «Kent», «Leon» we «Kontinental» — bu önümleriň hersi belli bir örtük görnüşlerine ýöriteleşýär.

Assortiment içerki abatlaýyş işleri üçin niýetlenen boýaglardan başlap, daşky abatlaýyşa degişli ýöriteleşdirilen düzümlere çenli lak-boýag materiallarynyň bitewi toplumyny öz içine alýar. Dükanda diwarlar we potoloklar üçin boýaglar, suw esasly grunt materiallary, bezegli faktura örtükleri, beton üçin ýörite goşundylar, şeýle hem sintetiki görnüşdäki poslama garşy örtükler elýeterlidir. Ähli materiallar dürli gurluşyk abatlaýyş tekizliklerine — betonlara, kerpiçlere we gipslere çalmak göz öňünde tutulyp öndürilendir.

Bu ýerdäki reňkleriň baý palitrasy aýratyn ünsüňi çekýär. Bu bolsa interýerde we binalaryň howlularynyň bezeginde islendik dizaýn çözgütlerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Gaýa» geliň-de, iň halaýan reňkleriňizi saýlaň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy;
  • telefon belgileri: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmesi: my-dom.design

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar