Çagalar üçin niýetlenen otag öýüň özboluşly bölegi bolup durýar. Eýsem, bu ýerde çaga özüniň boş wagtynyň köp bölegini geçirýär – oýnaýar, kemala gelýär we ýatýar. Şonuň üçin bu otaga mebel we beýleki zerur önümler saýlananda, olar oňaýly we howpsuz bolmalydyr. Bu bezeg önümleriniň biri-de, otagy doly düşeýän we onuň ýerlikli bolmagyna ýardam berýän halydyr.
Çagalar otagy üçin haly satyn almagyň zerurlygy:
- Ýeriň ýylylygy üçin;
- Otagyň giňişligini çaganyň oýnamagy, ýatmagy we okamagy üçin degişli böleklere bölmek üçin;
- Ses izolýasiýasy. Haly sesleri belli bir derejede özüne siňdirýär, şol sebäpli-de çaganyň oýnaýan mahaly beýleki otaglara ses eşidilýär;
- Çaganyň howpsuzlygy üçin zerurdyr. Halynyň üstünde oýnamak, ýöremek we ylgamak has gaty ýerlere garanyňda ygtybarlydyr.
Çaga otagy üçin haly nähili talaplara laýyk gelmeli?
Çagalar otagy üçin haly satyn alanyňyzda, ilki bilen, onuň düzümine üns bermeli, sebäbi ol soňundan halyny arassalamagy, şeýle-de çaganyň saglygyny kesgitläp, esasan-da allergiki täsirlere sebäp bolup bilýär.
Mundan başga-da, haly saýlananda esasy üns bermeli zatlaryň biri onuň ýüňüniň uzynlygydyr. Galyň we uzyn ýüňli halylar çagalar üçin oňaýsyz bolup biler, sebäbi oýunjaklar adatça kiçi bolup, halynyň ýüňüne çolaşýar.
“Arzuw haly” dükany ekologiýa taýdan arassa materiallardan dokalan halylaryň köp görnüşini halka ýetirýär. Bu ýerde gipoallergen emeli materiallarynyň tebigy materiallar bilen utgaşykly dokalan, çagalara zyýansyz bolan halylary satyn alyp bilersiňiz. Ýokary öndürijilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan şeýle halylary ýuwmak we arassalamak ýeňil bolýar.
“Häzirki wagtda çagalar üçin açyk reňkli, dürli nagyşlar we şekiller bilen bezelen halylara, ýetginjekleriň otaglary üçin bolsa düz ýa-da geometrik şekilli halylara isleg bildirilýär. Dükanymyzda dürli islegler üçin halylaryň köp görnüşi bolup, bu bolsa ene-atalary we çagalary harydyň özboluşlylygy bilen kanagatlandyrýar. Hemişe göze ýakymly boljak ýokary hilli we amatly halylary saýlamakda öz kömegimizi hödürlemekden hoşal bolarys” – diýip, “Arzuw haly” dükanynyň hünärmenleri belleýärler.
Dükanda fabrikde öndürilen türkmen, türk we eýran haly önümleriniň alyjylara hödürlenýändigini ýatladýarys. “Arzuw haly-nyň” artykmaçlygy şahsy ölçeg hyzmatynyň we alyjy tarapyndan talap edilýän ululykdaky halynyň tölegsiz taýýarlanyp berilmegidir.
Bu ýerde halylardan başga-da, namazlyklary we beýleki bezeg önümlerini hem satyn alyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň:
Wideo: