Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Uzyn süýümli halylary dogry saýlamak üçin nämä üns bermeli

0
7407

Üstki gatlagy 25-den başlap 100 millimetre çenli uzynlykly süýüm bilen örtülen halylar uzyn süýümli hasaplanylýar.  Şeýle halylar reňkine, öndürilişine we şekiline garamazdan elmydama özüne çekiji görnüşde bolýarlar. Muňa garamazdan, uzyn süýümli halylar, esasan, haýsydyr bir zolagy bölmek üçin peýdalanylýar. Sebäbi bu hili halylaryň tüýjümek süýümleri uly çäkli ýerleri örtmek üçin oňaýsyzdyr. Şonuň üçin-de agaç düşegi(poly) dolulygyna uzyn süýümli halylar bilen örtülen otaglara gabat gelmek örän seýrek ýagdaýdyr.  

Tebigy ýa-da sintetiki süýüm?

Uzyn süýümli halylar tebigy(pagta, ýüň) we sintetiki (polipropilen, akril, poliester, neýlon) materiallardan taýýarlanylýar. Tebigy materiallar esasynda taýýarlanan süýümler hala kaşaň görnüş we uzak «ömür» bagyşlaýar. Sintetiki çig mallardan öndürilen süýümler bolsa hala ideg etmek işlerini ýeňilleşdirýär. Olar baha babatda elýeterli bolup, bezeg we reňk görnüşlerine baýdyr.

Dykyzlygyna üns beriň!

Halynyň aşaky özeni näçe dykyz boldugyça, onuň süýümleri şonça-da berkdir. Şeýle süýümli halylar size uzak hyzmat eder. Munuň sebäbi halynyň zaýalanmaga we görnüşi üýtgetmäge durnuklylygyndan ybaratdyr. Halylaryň aşaky özeniniň ýelimlenmegi hem olaryň «ömrüniň» uzak bolmagyna täsir edýär.

Has agyryny saýlaň!

Ähli haly önümleriniň hili dykyzlyga, şeýle hem oňaýlylyga täsir edýän birnäçe başga aýratynlyklara baglydyr. Halynyň agyrlygy onuň eplenen ýa-da düýrlenen ýagdaýynda ýazgynlygyny saklamagyna ýardam berer. Şeýle halylar typanjak ýerde hem başga tarapa süýşmeýär.

Umuman, halylary olaryň otagda ýerleşjek ýerine görä saýlamaly. Meselem: aşhana uzyn süýümli halylara laýyk ýer däldir. Ýatylýan otag bolsa onuň tüýs gelişjek ýeridir. Öýüň girelge zalyna hem gysga süýümli haly önümlerini ýazmak maksadalaýykdyr. Myhman otagynyň islendik öýüň «ýüzüdigi» sebäpli oňa iň owadan halylar mynasypdyr.

Halylaryň şu we beýleki görnüşlerini paýtagtymyzda ýerleşýän «Arzuw haly» dükanyndan satyn almak bolar. Bu ýerde sintetiki we ýüpek halylaryň giň toplumy alyjylara ýetirilýär. Öý üçin zerur haly önümlerini saýlamaga dükanyň hünärmenleri uly ýardam bererler. Şunda hünärmenler haly önümleriniň öýüň haýsy bölegine niýetlenip satyn alynýandygyny nazara alarlar. «Arzuw haly» dükanynda öňdebaryjy türk we eýran kärhanalarynda öndürilen halylar hem müşderilere hödürlenilýär. Olaryň meşhurlygy dünýä ýaýrandyr. Şeýle hem dükanda ýurdumyzyň «Abadan haly» haly öndüriji kärhanasynyň önümleri bar.  

Dükan satyn alnan harytlary Türkmenistanyň islendik çägine eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar