Islendik öý bikesiniň köp wagty we yhlasy sarp edip satyn alan halysyny täze görnüşde saklasy gelýär. Şonuň üçin-de dürli materiallardan dokalan halylaryň täzeligini saklamak üçin olara ideg etmegiň usullary hakynda «Arzuw haly» dükanynyň hünärmenleri gürrüň berýärler.
Hala ideg etmegiň usulyny onuň dokalan materialyna görä saýlamalydyr. Şunuň bilen baglylykda, halylaryň aşak ýüzüniň bir çüňkünde ýerleşdirilýän etiketkalara, ýagny haly hakynda maglumatlara üns bermelidir. Olarda halynyň materialy we onuň ulanylyşy hakynda maglumatlar berilýär. Şeýle-de bolsa, ähli halylara degişli ideg usullary-da bardyr. Olar hakynda «Arzuw haly» dükanynyň hünärmenleri gürrüň berýärler.
Halylary günüň ýiti şöhlesinden goraň. Çünki günüň ýiti şöhlesiniň köp wagtlap düşmegi halylaryň öz möhletinden öň reňk öwüşginini ýitirmegine getirer.
Halylarda çygly arassalaýyş işlerini mümkin boldugyça az geçiriň. Eger-de gaýragoýulmasyz zerurlyk ýüze çykaýsa hem, halyny köp çyglandyrmaň. Has gowusy, ýörite hünärmenlere ýüz tutup, halylary himiki usulda arassaladyň.
Halylary üçeklerde we ýerzeminlerde saklamaň. Olar haly saklamak üçin iň ýaramsyz ýerlerdir. Hatda halylary wagtlaýyn ulanmaýan ýagdaýyňyzda hem olary bu ýerde saklamak maslahat berilmeýär. Iň çykgynsyz ýagdaýda mör-möjeklere we tozana garşy ýörite serişdelerden peýdalanyp bilersiňiz.
Köpümiz agyr öý goşynyň aşagynda ýazylandygy üçin halylaryň käbir ýerlerinde galýan yz bilen tanyşdyrys. Olary öňki durkuna getirmäge adaty buz bölejikleri kömek eder. Munuň üçin buz bölejigini halynyň yz galan ýerine goýuň we ony tä haly öňki durkuna gelýänçä aýyrmaň. Wagtyň geçmegi bilen guran haly süýümi öz-özünden ýokary galar we gönülener. Şu ýerde käbir görnüşli, ýagny emeli ýüpekden dokalan halylara asla suw degirmegiň bolmaýandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin-de bu usuly ulanmazdan ozal, halynyň nähili materialdan dokalandygyny öwreniň.
Halylary arassalamak işinde elmydama tygşytly we tebigy esasly serişdeleri ulanyň. Dürli görnüşli tegmil aýryjylaryň düzüminde erediji maddalaryň bardygy sebäpli, olar halynyň ýagtylygyna we süýümine zeper ýetirip biler.
Täze el halylarynyň artykmaç süýümini gaçyrmagy mümkin, bu gorkuly däldir. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin halynyň iki tarapyny hem tozan sorujy bilen arassalaň.
Şu we beýleki peýdaly maslahatlary «Arzuw haly» dükanyndan alyp bilersiňiz. Ol G.Kulyýew (öňki Obýezdnoý) köçesindäki «Beýik Bina» söwda toplumynda ýerleşýär. Dükanyň tejribeli hünärmenleri halylar hakynda peýdaly maglumatlarydyr maslahatlary bermek bilen, size gözleýän halyňyzy tapmaga ýardam bererler.
«Arzuw haly» dükanynda görnüş, gurluş, ölçeg we hil taýdan tapawutlanýan halylaryň ýüzlerçesiniň alyjylara hödürlenilýändigi sebäpli, göwnüňizden turjak halylary saýlamakda hiç hili kynçylyk döremez.
Şeýle-de okaň:
- Uzyn süýümli halylary saýlamak üçin maslahatlar
- Haly — hem owadan, hem peýdaly
- Ýüň halylar hakynda nämeleri bilmeli
- Haly hakynda meşhur 6 maglumat