Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýüň halylar hakynda nämeleri bilmeli

0
7140

Gadymy döwürlerde çarwadarlardyr maldarlar tarapyndan ýüňden dürli görnüşli örtgüler, egin-eşikler we haly önümleri taýýarlanylypdyr. Ondan bäri müňýyllyklar geçse-de, ýüňi çig mal hökmünde halyçylykda peýdalanmak adaty ýitip gitmedi. Tersine, ýüňden elde dokalan halylar bu ugurda iň gowy görnüşleriň biri hasaplanylýar. Şu ýerde ýüň haly önümleriniň oňyn hem oňyn däl taraplary hakynda belläp geçeliň.

Oňyn taraplary:

  • Ekologik taýdan amatlylygy. Gündogar halylarynyň taýýarlanylyşynda diňe tebigy çig mallardan we boýaglardan peýdalanylýar. Olar saglyk üçin ähmiýetlidir.
  • Ýylylygy saklaýjylygy. Bu ýüň halylaryň iň esasy oňyn taraplarynyň biridir.
  • Berkligi. Ýüň halylary ähli döwürlerde berkligi bilen şöhratlanypdyrlar. Seresaplylyk bilen ulanylan ýagdaýynda bu halylar öz eýesine ýarym asyrlap hyzmat edýärler. Şunda haly süýümleriniň zeperlenmelere durnuklylygy bellärliklidir.
  • Suratkeşlik gymmaty. Gadymy we köne elde dokalan ýüň halylary kolleksionerler üçin tapylgysyz baýlykdyr. Şeýle halylaryň bahasy wagtyň geçmegi bilen diňe ýokarlanýar.

Oňyn däl taraplary:

  • Haýwanlaryň tüýünden taýýarlanylýan beýleki çig mallar ýaly, tebigy ýüň hem allergiýanyň döremegine sebäp bolup biler.
  • Oňaýsyzlyk. Ýüň halylaryny gyzgyn suw, bug we pH derejesi ýokary bolan tegmil aýyryjy serişdeler arkaly arassalamak gadagandyr.
  • Tebigy ýüň süýümi hapany ýygnagan bolýar. Olaryň çyg ýerde saklanmagy bolsa heňi döredip biler.

Ýüň halylaryna dogry ideg etmek bilen olaryň gözelligini gorap bilersiňiz. Şonda bu ajaýyp önümler size we öýüňiziň myhmanlaryna ýakymly duýgulary bagyşlar.

Ýurdumyzda owadan hem-de ýokary hilli halylary alyjylara hödürleýän dükanlaryň biri «Arzuw haly». Dükanda eýran, türk we türkmen halylarynyň dürli görnüşleri, reňkleri, gurluşlary bar.

Dünýäniň dürli kärhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan «Arzuw haly» dükany ýokary hilli halylary amatly bahadan ilata ýetirýär.

Haly önümlerini sosial aragatnaşyk serişdeleri arkaly hem satyn alyp bilersiňiz. Onuň üçin dükanyň @arzuwhaly_ instagram, arzuwhalyashgabat@mail.ru atly poçta salgysyna ýüz tutmalydyr. Şeýle hem +99362365566 belgä jaň edip, islän haly önümiňizi satyn alyp ýa-da ol hakynda maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar