Haly — rahatlygyň, gözelligiň we döwrebaplygyň serişdesi. Ýerlikli saýlanan haly diňe bir öýi bezemek bilen çäklenmän, eýsem onda rahatlygy hem döreder. Şeýle hem halylar peýdaly häsiýete eýedir. Emma bu barada hemmelere mälim däldir. Şoňa laýyklykda, halylaryň esasy peýdaly taraplaryny sanap geçeliň.
Aýratynlandyrmak
Haly düşelgeleriniň ýerlikli saýlanyp alynmagy bilen öýüň belli bir bölegini has-da aýratynlandyryp bolar. Şunda halylaryň reňki otagyň içki bezegi bilen utgaşdyrylsa, onuň göze ýakymlylygy has-da artar.
Ses geçirmezlik
Haly sesleri geçirmezlik üçin iň gowy serişdeleriň biridir. Goha, şagalaňa ýakyn goňşularyňyz bar bolsa, onda ynjalyk bermeýän sesi aradan aýyrmak üçin halylaryň hyzmatyndan peýdalanyň. Olar siz üçin gözelligiň çeşmesine öwrülip biler. Halylaryň süýümi näçe uzyn boldugyça, olaryň ses geçirmezlik ukyby-da şonça ýokarydyr.
Jaýyň ýer poly goramak
Jaýyň ýer poly zaýalanmakdan we hapalanmakdan goramak halylaryň esasy wezipesidir. Şunda aşhana, girelge we myhman otaglary ýaly girim-çykymyň kän ýerlerine haly düşemek has maksada laýykdyr. Wagtyň geçmegi bilen könelen halyny täzelemek öý eýelerine ep-esli derejede ýeňildir.
Rahatlyk
Hemmämiz agyr iş güni tamamlanandan soň, rahat öýümize dolanmaga howlukýarys. Öýde şeýle rahatlygy döretmekde bolsa owadan hem döwrebap halylaryň hyzmaty uludyr. Olar maşgala agzalarynyň we myhmanlarynyň gözüni dokundyryp, keýpi çaglygyny artdyrar.
Aşgabatlylara şeýle halylaryň dürli görnüşlerini «Arzuw haly» dükany hödürleýär. Bu ýerde kiçi we uly göwrümli, dürli we bir reňkli, tekiz we tüýjümek, ýüň we ýüpek halylary bar. Dükanda her bir müşderi öz göwnündäki halyny tapyp, öýüne bezeg berip biler.
«Arzuw haly» dükany öýüň otaglaryny ölçemek we halylary onuň ölçegine görä, kesip sazlamak işlerini mugt ýerine ýetirýär. Her bir müşderä özboluşly çemeleşme bu ýerde amala aşyrylan söwda ýakymly häsiýet berýär.
«Arzuw haly» dükany Aşgabat şäheri bilen birlikde, welaýatlara hem sargyt edilen harytlary eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Dükanyň salgysy we telefon belgileri bilen şu salgy arkaly tanşyp bilersiňiz.
Şeýle-de okaň: