Biziň ählimiz otagda oňaýly hem owadan gurşawy döredýändigi üçin haly önümlerini halaýarys. Şeýle-de bolsa otaga ýörite bezeg bermek üçin haly saýlamak kesgitli bilimi we tejribäni talap edýär. Iň esasysy hem diňe daşky görnüş taýdan göze gelüwli däl-de, eýsem öý eýesine uzak wagtlap hyzmat etjek halylary saýlamagy başarmalydyr.
Şonuň üçin-de haly saýlanylanda, onuň süýümleriniň uzynlygyna, gurluşyna we öýüň haýsy künjegine ýazyljakdygyna üns bermelidir. Süýümi näçe uzyn boldugyça, halynyň ýakymlylygy we ýumşaklygy artýar. Emma munuň bir oňaýsyz tarapy bardyr. Şeýle halylar çalt gurluşyny ýitirýärler. Olara ideg etmek-de kyndyr. Şunuň bilen baglylykda, dürli otaglara laýyk haly önümlerini saýlamak hakynda şu makalada gürrüň bermegi makul bildik.
Ýokary hilli halylary saýlamakda olaryň süýümleriniň ýygylygyna üns beriň. Olaryň ýygylygy näçe gür boldugyça, berkligi artýar. Şonuň üçin-de süýümleri gür ýerleşen halylary girim-çykymyň iň köp ýerlerine — girelge, aşhana ýa-da myhman otaglaryna ýazmak üçin saýlap bilersiňiz. Olary gysga süýümli we asla süýümsiz halylar bilen sazlaşdyryp bolar. Şeýle halylar köp öý goşlary ýerleşýän otaga hem laýykdyr.
Girim-çykymyň az bolýan otaglaryna has uzyn süýümli ýumşak halylary ýazyp bilersiňiz. Olara çaganyň hem-de ulularyň ýatylýan otaglary degişlidir. Öýüň bu otaglarynda uzyn süýümli halylar has ýakymly gurşawy döreder.
Ýumşak haly önümleriniň psihologik taýdan rahatlandyryjy häsiýete eýedigi sebäpli, olary dynç alynýan otaga ýazmak bolar.
Arzuw haly dükanynda milli we daşary ýurt haly önümleri satylýar. Bu ýerdäki haly harytlary reňki, ölçegi, görnüşi we niýetlenilişi taýdan köpdürlüdir.
Arzuw haly kärhanasy tarapyndan alyjylara hödürlenilýän haly önümleri bilen @arzuwhaly_ Instagram salgysy arkaly tanşyp bilersiňiz. Alyjylarа ýokary derejede hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen bu dükanyň işgärleri halylaryň ýerleşdiriljek ýerlerini ölçemek we satyn alnan harytlary eltip bermek hyzmatyny mugt amala aşyrýarlar.
Arzuw haly 2008-nji ýyldan bäri hereket edip, bu döwür içinde ol özüni uly isleg bildirilýän haly önümlerini getirýän kärhana hökmünde tanatdy.
Şeýle-de okaň: