Soňky habarlar

Arhiw

Minimalizm stilindäki halylar – sadalyk we sazlaşyklyk

0
7771

Minimalizm – munuň özi diňe bir içerki bezeg bolman, eýsem erkinlige we aramlyga esaslanýan durmuş pelsepesi bolup durýar. Ýetip boljak iň uly ýagtylyk we giňişlik – minimalizmiň içerki bezegdäki esasy ýörelgeleri hökmünde öňe çykýar.  

Munuň dowamynda, minimalistik stili üçin aksessuarlar, hususanda haly önümleri – aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu biçüwdäki halylaryň bezeg bermek däl-de, eýsem funksional bolmak wezipesi bardyr. Bularyň maksady – öýüň gelşigini saklamak we açyk öwüşginleri döretmekdir.

Halynyň reňkini we dizaýnyny saýlaýarys

Minimalizm çal, goňras ýa-da ak bitarap reňkli adaty inedördül ýa-da göniburçly önümleri ulanmagy göz öňünde tutýar. 

Goňras haly önümleri, belki-de, içerki bezeg üçin iň köp taraply önümler bolmaga çemeli. Aýdyň, ýeňil we gelişikli bolmak bilen – goňras reňkdäki haly önümleri özüne köp üns çekmeýär we minimalistik giňişligiň üstüni ýetirýän ajaýyp serişde bolýar. 

Nurana, göze ýakymly we şol bir wagtyň özünde-de kän bir üns çekmeýän çal halylar minimalizm stilindäki öýüň bezegi bilen sazlaşykly utgaşýar we uzak wagtyň dowamynda onuň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu reňkiň ähmiýetli aýratynlygy – ony giň çäklerde ulanmak mümkinçiliginde jemlenýär, şunuň ýaly haly önümlerini ýeňillik bilen bir otagdan başga otaga geçirip bolýar.   

Ak halylar bolsa, garamtyl biçüwli içerki öý bezegi bilen sazlaşykly utgaşyp, onuň ajaýyp keşbiniň üstüni ýetirýär. Hut şunuň ýaly halylar içerki bezege arassalylygyň we aýdyňlygyň öwüşginini berýär, otagy giň we uly görkezýär. 
«Arzuw haly» dükany, şunuň ýaly nepis, köp taraply halylaryň dürli görnüşleri bilen alyjylaryň göwnüni göterýär. Yzygiderli geçirilýän bazar seljerme işleriniň netijesinde dükanyň haly önümleriniň üsti ýokary hilli häzirki zaman görnüşler bilen doldurylýar.

Dükanda ýokary hilli sintetik, ýüpek, ýüň, pagta ýaly dürli materiallardan dokalan halylar we başga-da köp önümler alyjylara hödürlenýär. 

Haly önümleri, onlaýn görnüşde ýa-da telefon belgiler arkaly sargyt edip bolýar: +99362365566, +99361937333 (Mary), +99364700661 (Lebap).

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar