Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» biokaminleriň giň haryt görnüşlerini hödürleýär

10:4224.04.2024
0
8376

«NG Kutahya» dükany biokaminleriň giň haryt görnüşlerini hödürleýär.

Biokaminler — diňe bir ýylylygyň çeşmesi bolman, eýsem interýer bezeginiň hem stilli bölegidir. Olary gurnamak tüsseçykary hem talap etmeýär, bu bolsa islendik öý ýa-da jaý üçin göwnejaý çözgütdir.

Mundan peýdalanmak üçin bary-ýogy ýangyç bloguna bioetanol guýmak we şemini ýakmak ýeterlikdir. Bioetanol arassa, yssyz we tüssesiz ýanýar, diňe suw buglaryny we kömürturşy gazy bölüp çykarýar, bu bolsa adam saglygyna hem-de daşky gurşawa howpsuzdyr.

Müşderiler «NG Kutahya» dükanyndan biokamin üçin bioetanol hem satyn alyp bilerler.

«Dürli stildäki, ululykdaky hem dürli materialdan taýýarlanylan nusgalaryň giň haryt görnüşleri interýeriňiz üçin amatly boljak biokamini saýlap almaga mümkinçilik berer. Janly alaw öýüňizde rahatlygy we romantika gurşawyny döreder» diýip, «NG Kutahya» dükanynyň wekili aýdýar.

Dükanda önümleriň ähli görnüşine 50%-e çenli arzanladyşyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy;
  • telefon belgisi: 611 611.
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň