Soňky habarlar

Arhiw

«NG Kutahya» dükany wanna otagy üçin stilli we köptaraply mebelleri hödürleýär

11:3627.02.2024
0
25801

Wanna otagy — bu her bir günüň başlanýan hem tamamlanýan özboluşly ýeri. Şonuň üçinem ony mümkin boldugyndan göwnejaý, oňaýly etmek zerurdyr.

«NG Kutahya» dükany çyglylyga we temperaturanyň üýtgemegine çydamly mebelleriň giň haryt görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden ajaýyp stilli we ulanyş üçin amatly bolan wanna otagyny döretmek üçin gerekli ähli zatlary tapmak bolýar:

  • Rakowinanyň aşagynda goýulýan tumbalaryň dürli ululykdaky we reňkdäki görnüşleri. Süýşürip bolýan tekjeler ähli peýdaly ownuk-uşak zatlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.
  • Aýna gapyly şkaflar. Süpürgiçleri, halatlary we esbaplary goýmak üçin.
  • Stellažlar we tekjeler. Bezeg, kosmetika we öýüň himiki serişdeleri üçin.

Bu ýerde hödürlenýän mebelleriň ählisi çyglylyga durnukly we ekologiýa taýdan arassa bolan materiallardan ýasalýar. Döwrebap dizaýndaky bu önümler olary islendik wanna otagynyň täsin bezegine öwrer.

«NG Kutahyanyň» mebelleri — klassika görnüşlerinden başlap minimalizme çenli dürli stillerde öndürilendir. Olaryň reňkleriniň we fakturalarynyň köpdürlüliginden interýeriňize laýyk gelýän görnüşi saýlap, ýa bolmasa-da täze özboluşly çözgüdi döredip bilersiňiz.

Ýokary hilli petleler, furnitura hem-de çyglylyga çydamly enjamlar önümleriň uzak möhlete hyzmat etmegini kepillendirýär. Dükanyň müşderileri bu ýerde wanna mebellerini ulanmak boýunça tejribeli hünärmenleriň maslahatlaryny hem alyp bilerler.

«NG Kutahya» dükanynyň salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy.

Telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň