Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar

09:4325.05.2022
0
36059

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy maýdan Dubaý şäherine (BAE), 1-nji iýundan bolsa Kazan şäherine (Russiýa) dowamly howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder. Türkmenistanyň paýtagtyndan BAE-ne ýolagçy uçary her duşenbe güni uçar, Aşgabat - Kazan ugry boýunça howa gatnawy bolsa her çarşenbe güni sagat 14:55-de amala aşyrylar.

2. Kazandan Türkmenistana gaýdyşyn howa ugry boýunça uçarlar çarşenbede dolanarlar, emma olar Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip gonarlar. 2022-nji ýylyň iýun aýy üçin uçuşlaryň tertibi Kazan howa menziliniň resmi saýtynda köpçülige ýetirildi.

3. Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli uçurymlary we bilim ulgamynyň işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady.

4. Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi doly derejede badalga aldy. Gün şöhlesi, deňiz, kaşaň myhmanhanalar, kottej toplumlary, tagamly aşhana we attraksionlar Türkmenistanyň ähli künjeklerinden myhmanlara garaşýar. Eger-de siz syýahatçylyk zolagyna girmek üçin elektron rugsatnamany nähili resmileşdirmelidigini bilmeýän bolsaňyz, şu salgydan anyk düzgünnamasy bilen tanşyp bilersiňiz.

5. 5-nji iýunda «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde «Agama» alpinistler klubynyň guramagynda Çagalaryň gaýa dyrmyşmak festiwaly geçiriler. Çärä 4-14 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşyp bilerler.

6. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary «Röwşen» aýakgap kärhanasy tarapyndan guralýan lotereýadan 1000 sowgat utup bilerler. Türkmen aýakgap kärhanasy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji iýuna çenli dowam etjek utuşly aksiýany yglan etdi. Aksiýa hakynda anyk maglumatlar bilen aşakda görkezilen çykgytda tanşyp bilersiňiz.

7. Geljek dynç günleri üçin Aşgabat şäheriniň kinoteatrlarynda görkeziljek filmleriň sanawy bilen «Turkmenportal» saýtynyň «Bildirişler» (Afişa) bölüminde tanşyp bilersiňiz.

8. «Toyota» kompaniýasy «Camry» kysymly awtoulagynyň täze görnüşini çykardy. Täze ulagyň reňki hem täze – Reservoir Blue (gara-gök metallik), şeýle-de indi sürüjiler 19 dýuýmlyk teker diskleriniň bürünç reňklisini hem saýlap bilerler.

9. 2022-nji ýylda üsti açylan iň uly asteroid 27-nji maýda Ýere golaý geler. Asman jisimi göwrümi boýunça Burj-Halifa binasyndan 2 esse uly. NASA-nyň maglumatlaryna görä, bu jisim «howplulyk mümkinçiligi bolan» topara degişli edildi.

10. Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynyň Ammanda (Iordan Haşimit Patyşalygy) geçiriljek Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary mälim edildi.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-20) Iordaniýanyň, Taýwanyň, Siriýanyň we Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar. Saýlama ýaryşy 10-18-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýygyndy topary Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň we Filippinleriň ýygyndylary bilen duşuşar. «A» toparynyň saýlama duşuşyklary 1-9-njy oktýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň