5-nji iýunda Aşgabat şäheriniň «Älem» medeni dynç alyş merkezinde «Agama” alpinistçilik kluby tarapyndan ýylsaýyn guralýan Çagalaryň belentlige dyrmaşmak festiwaly geçiriler.
Bu festiwala 4 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşyp bilerler.
Çäräniň meýilnamasyna eminlik ätiýaçlandyrmasy bilen emeli döredilen daga dyrmaşmak girýär. Ýaryşa gatnaşmazdan öňinçä +99365811355 telefon belgisi arkaly hasaba alynmak hökmanydyr. Şeýle-de festiwala gelnende her bir adamyň ýanynda dogluş hakyndaky şahadatnama (nusgasy), gatnaşmak üçin oňaýly bolan egin-eşik hem-de çalşyrar ýaly aýakgap bolmalydyr.
Çagalary goramagyň güni mynasybetli geçirilýän bu çäre sagat 10:00-dan 15:00-a çenli aralykda bolar.