Soňky habarlar

Arhiw

Awaza 2022: syýahatçylyk zolagyna girmek üçin Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň saýtynda elektron rugsatnamany nädip resmileşdirmeli

0
61541

15-nji maýda Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi badalga aldy. Gün şöhlesi, deňiz, plýaž, kaşaň myhmanhanalar, kottej toplumlary, tagamly aşhana we attraksionlar syýahatçylara garaşýar.

Kenarýaka syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli dynç alşy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet migrassiýa gullugy resmi saýtynda onlaýn rugsatnama hyzmatyny ýola goýdy. Resminamany migration.gov.tm saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde resmileşdirmek mümkindir.

Turkmenportalyň redaksiýasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girmek üçin wagtlaýyn rugsatnamany almagyň anyk düzgünlerini size ýetirýär.

«Onlaýn hyzmatlar» bölümine girilenden soňra ilkinji edilmeli zat - «Wagtlaýyn elektron rugsatnama almak» çykgydyna basmaly, şonda size «Şahsy otag» dörermek teklip ediler.

Şahsy otagda ähli zerur maglumatlaryňyzy ýazmaly, ýagny login, telefon belgiňiz we barlag kodyny döretmeli (meselem, PERHAT / 65712105 / FZWA).

 

«Şertler bilen tanyşdym we ylalaşýaryn» düwmesine basylansoň, «Resmileşdirmek» çykgydyny saýlamaly. Peýda polan meýdançada görkezen telefon belgiňize iberiljek açarsözi girizmeli we «Şahsy otaga» girmeli.

Şahsy otagda «Şahsy maglumatlary girizmek» bölümine girmeli we saýtyň bu sahypasynda görkezilen ýerleri gerekli maglumatlar bilen yzygiderlilikde doldurmaly.

Ýagny bu ýerde FAA ady, doglan wagtyň we ýeriň, milletiň görkezilmeli we 3x4 ölçegdäki fotosurat ýüklenilmeli.

Soňra ulanyjy raýatlyk pasportynyň seriýasyny we belgisini, berlen wagtyny hem-de haýsy döwlet edarasy tarapyndan berlendigini görkezmeli. Indiki sahypada pasportyň, myhmanhanany bronlandygy hakynda resminamanyň we iň esasysy COVID-19 ýokanjyna garşy 3 sanjym alandygyny tassyklaýan kepilnamyň elektron göçürmelerini ýüklemeli.

Awazada we myhmanhanada bolmak meýilleşdirilýän seneler girizilenden soňra Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan görkezilen maglumatlar seljerilýär. Awazada dynç almak üçin wagtlaýyn rugsatnama almak babatdaky ýüz tutmaňyza jogap «Şahsy otagyňyza» elektron QR-kod görnüşinde geler, şeýle hem siziň telefon belgiňize SMS-habarnamasy iberiler.

Emma wagtlaýyn rugsatnamany onlaýn ýa-da gönümel resmileşdirýändigiňize garamazdan, Awaza gelmegiňizden öň 72 sagadyň dowamynda siz hökmany ýagdaýda COVID-19 barlagyndan geçmeli, bu kepilnama syýahatçylyk zolagynyň çägine girmek üçin zerurdyr.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar