Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi mälim edildi

16:5317.05.2022
0
34641

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2022-nji ýylyň maý-sentýabr aýlarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyň tertibi barada bildiriş yglan etdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kotejjlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýerli edaralaryndan myhmanhanyň ady we salgysy bellik edilen ýollanmalary almalydyrlar.

Raýatlar ýollanmalary alandan soňra welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite nokatlarda, saglyk öýlerinde Covid-19 ýokanjyna garşy ikinji sanjymy alandan soňra, 3-nji sanjymy bellenen wagtda edilýär. Dynç alyşa gitmek üçin isleg bildirýän 18 ýaşdan uly raýatlardan Covid-19 ýokanjyna garşy 3-nji sanjymyň edilendigi ýa-da olaryň bu sanjymy almaga degişli däldigi, şeýle-de soňky 72 sagadyň dowamynda Covid-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär.

18 ýaşa çenli raýatlara bolsa, soňky 72 sagadyň dowamynda Covid-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamanyň bolmagy zerurdyr. Dowamly kesellerden ejir çekýän we dürli gaýry üzülmeleri bar bolan raýatlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Awaza» şypahanasynda dynç almagy meýilleşdirýän bolsalar, olar keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almaly bolsalar hökmany maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmalydyrlar.

«Awazada» dynç almak bilen bagly ilatyň arasynda ýüze çykýan soraglara jogap bermek boýunça Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýörite sorag-jogap bölümleri döredildi. Raýatlar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça görkezilen telefon belgilere jaň edip bilerler.

  • Aşgabat şäheri boýunça: (+993 12) 93-82-45;
  • Ahal welaýaty boýunça: (+993 137) 36-1-92;
  • Balkan welaýaty boýunça: (+993 222) 6-03-95, 6-04-55;
  • Daşoguz welaýaty boýunça: (+993 322) 2-53-53;
  • Lebap welaýaty boýunça: (+993 422) 3-10-24;
  • Mary welaýaty boýunça: (+993 522) 4-22-53.

Belläp geçsek, «Turkmenportal» web saýtymyzda ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitmek isleýän raýatlar üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan elektron rugsatnamany almagyň tertibi barada habar beripdik. Elektron rugsatnamany almagyň tertibi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň