Aşgabatda «LC Waikiki» şereketiniň dükany açyldy, Russiýa ýörite uçuş amala aşyrylar, futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky çempionat başlandy, paýtagtyň teatrlary dynç günleri üçin taýýarlan repertuarlary bilen tanyşdyrdy we beýleki täzelikler

10:3011.05.2022
0
14632

1. Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde dünýäniň iň iri halkara brendleriniň biri bolan «LC Waikiki» brendiniň dükany açyldy. Döwrebap egin-eşik dükany söwda merkeziň üçünji gatynda ýerleşýär. Söwda nyşanynyň wekilleri ähli paýtagtlylary we myhmanlary 13-nji maýda geçiriljek açylyş dabarasyna çagyrýar.

2. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy ýakyn wagtda Türkmenistandan Russiýa amala aşyryljak uçuşyň senesini mälim etdi. 13-nji maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary Aşgabat – Moskwa ugry boýunça uçuşy amala aşyrar. Uçuş ýerli wagt bilen 19:00-da meýilleşdirilýär.

3. Paýtagtymyzda ýerleşýän teatrlar ýetip gelýän dynç günleri üçin taýýarlan repertuarlaryny mälim etdiler. 13-15-nji maý aralygynda 20-den gowrak sahna eseri tomaşaçylara ýetiriler. Olaryň doly sanawy bilen saýtymyzda ýerleşdirilen maglumatda tanşyp bilersiňiz.

4. Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy esasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine jemi bahasy takmynan 1 million amerikan dollaryna deň bolan lukmançylyk harytlarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.

5. 16-27-nji maý aralygynda Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly maslahat geçiriler. Çäre Halkara ummanlar institutynyň we Hazar deňzi institutynyň bilelikde guramagynda geçiriler.

1. Meşhur amerikan aktrisasy Merilin Monronyň portreti «Kristis» auksion öýi tarapyndan $195 million dollara satyldy. Ony bu nyrha amerikaly Larri Gagosýan satyn aldy. Söwdadan gelen serişdeler çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny maliýeleşdirmek maksady bilen ulanylar.

2. Portugaliýada ilkinji gezek maliýe serişdeleri ulanylmazdan, bitkoinleriň esasynda gozgalmaýan emläk satyn almak boýunça geleşik amala aşyryldy. Bragada ýerleşýän üç otagly jaý 3 bitkoina satyldy, geleşigiň bahasy $108 204 amerikan dollaryna deň boldy.

1. Sişenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän esasy futbol meýdançasynda iki sany duşuşyk bilen futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrunda çempionata badalga berildi. Ilkinji tapgyrda ýurdumyzyň futbol boýunça häzirki çempiony «Altyn asyr» «Aşgabatdan» 5:2 hasabynda üstün çykdy, «Köpetdag» bolsa «Ahalyň» ýaş ýygyndy toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

2. Başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri boýunça türkmenistanly türgen Abdylla Taýhanow Minskde höwesjeňleriň arasynda geçirilen bäsleşikde belorus Alekseý Wolçekden üstün çykdy. Taýhanow eýýäm ilkinji raundda ýeňiş gazanmagy başardy.

3. «Mançester Siti» özüniň resmi saýtynda ýakyn günlerde «Borussiýanyň» hüjümçisi Erling Hollandy düzümine goşjakdygyny tassyklady. «The Telegraph» neşiriniň maglumatlaryna görä, iňlis topary ylalaşyk üçin «Borussiýa» 75 million ýewro tölär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň