Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahatlary geçiriler

21:3710.05.2022
0
4705

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 16 — 27-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Hazar deňzi institutynyň we Halkara ummanlar institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw maslahatlary geçiriler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halkara okuw maslahatynyň esasy maksady, Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we bu ugurda degişli döwlet edaralarynyň işgärlerini okatmak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, bu halkara maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Hazar deňzi institutyna talabalaýyk guramagy hem-de geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň