Soňky habarlar

Arhiw

13-15-nji maý aralygynda Aşgabatdaky teatrlarda sahna eserleriniň 20-den gowragy görkeziler

12:1110.05.2022
0
3474
13-15-nji maý aralygynda Aşgabatdaky teatrlarda sahna eserleriniň 20-den gowragy görkeziler

13-nji maýdan 15-nji maý aralygynda Aşgabatdaky teatrlar paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin öz gapylaryny giňden açar. Hepdäniň ikinji ýarymynda teatr sahnasynda körpe ýaşly tomaşaçylar bilen birlikde uly ýaşly tomaşaçylar üçin sahna eserleriniň 20-den gowragy görkeziler. Teatrlaryň administrasiýalarynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, Aşgabatdaky teatrlarda şu aşakdaky oýunlar görkeziler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:

  • 13-nji maý: «Gelinler» 19:00;
  • 14-nji maý: «Hazyna» 19:00;
  • 15-nji maý: «Söýgide serhet bolmaz» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

  • 13-nji maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
  • 14-nji maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;
  • 15-nji maý: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

  • 13-nji maý: «Arşyn mal alan» 19:00;
  • 14-nji maý: «Böwenjik» 13:00;
  • 14-nji maý: «Şekspir barada teatrlaşdyrylan oýun» 19:00;
  • 15-nji maý: «Aladdin we jadyly çyra» 11:00; 13:00;
  • 15-nji maý: «Söýgi we mekirlik» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

  • 13-nji maý: «Ak gämi» 18:00;
  • 14-nji maý: «Gyzyl alma» 19:00;
  • 15-nji maý: «Gyzyl alma» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

  • 13-nji maý: «Ene» (Oýun ilkinji gezek görkezilýär)19:00;
  • 14-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00;
  • 15-nji maý: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen Döwlet gurjak teatry:

  • 13-nji maý: «Iň hezil gün» 19:00;
  • 14-nji maý: «Külbejik» 12:00;
  • 14-nji maý: «Çagaly öý bazar» 19:00;
  • 15-nji maý: «Alýaňak» 12:00, 17:00;
  • 15-nji maý: «Çagaly öý bazar» 19:00.

Teatr sahnasynda görkeziljek oýunlar üçin petekleri teatrlaryň kassalaryndan alyp bolýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň