Soňky habarlar

Arhiw

Uorholyň çeken nakgaşlyk eseri ýokary nyrha satyldy

13:5010.05.2022
0
5614
Uorholyň çeken nakgaşlyk eseri ýokary nyrha satyldy
Surat: tass.ru

“Gürrüň suratkeşiň “Shot Sage Blue Marilyn” atly portret işi barada barýar” diýip, TASS ýazýar.

Dünýäde meşhur nakgaş Endi Uorholyň nusgawy aýdymçy we aktrisa Merilin Monronyň keşbi şekillendirilen eseri düýn “Christie's” söwda-satyg öýünde 195,04 million ABŞ dollary nyrh bilen satyldy hem-de amerikan sungatynda iň ýokary baha kesilen suratkeşlik eseri boldy.

Suraty Uorhol aktrisa aradan çykandan iki ýyl soňra, 1964-nji ýylda döredipdir, bu eser amerikan sungatynyň nyşanlarynyň biri hasaplanýar.

“Shot Sage Blue Marilyn” atly nakgaşlyk eseri bilermenleriň çak edişi ýaly nyrh bilen satyn alyndy, olar surata 200 million amerikan dollary möçberinde baha kesipdiler.

Indi onuň satuwyndan düşen pullar çagalara kömek bermek bilen meşgullanýan haýyr-sahawat gaznasyna gider.

Bu eser öň dünýäniň birnäçe sergilerinde Uorholyň sungatynyň muşdaklary üçin görkezilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň