Turkmenportal logo
10.05.22
2082820828
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistana bir million amerikan dollaryna golaý lukmançylyk enjamlary getirildi
Türkmenistana bir million amerikan dollaryna golaý lukmançylyk enjamlary getirildiSurat: rbc.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilen COVID-19-a garşy göreşmek maksady bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine lukmançylyk enjamlaryny iberdi.


BMGÖM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, umumy bahasy 969,970,26 ABŞ dollary bolan nobatdaky gezek iberilen lukmançylyk enjamlarynyň arasynda antitela testleri, sanly ykjam rentgen gurallary we derman serişdeleri bar.


Belläp geçsek, «Turkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanda agyz-burun örtüklerini açyk ýerlerde dakynmak düzgüni ýatyrylýar.