Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1-nji iýundan Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak ýatyrylar

23:0006.05.2022
0
139800

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 29-njy aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzelikleri düýpli öwrenildi. Şonuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini hepdede bir gezek geçirmegi we şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýärler.

Döwlet Baştutany teklipleri makullap, halkyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň