Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan karantin çäklendirmelerini bölekleýin ýeňilleşdirýär, halkara we içerki howa gatnawlary gaýtadan dikeldiler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy syýahatçylara garaşýar we beýleki habarlar

10:1107.05.2022
0
35766
Türkmenistan karantin çäklendirmelerini bölekleýin ýeňilleşdirýär, halkara we içerki howa gatnawlary gaýtadan dikeldiler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy syýahatçylara garaşýar we beýleki habarlar

1. 1-nji iýundan Türkmenistanda 2020-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän örtük dakynmak düzgüni bölekleýin ýatyrylar. Lukmançylyk örtüklerini diňe ähli ulag görnüşlerinde we ýapyk binalarda dakynmak talap ediler. Çäklendirme diňe açyk meýdançalarda güýjüni ýitirer.

2. 15-nji maýda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi açylar.

3. Ýakyn günlerde Türkmenistan BAE we Germaniýa bilen howagatnawlaryny gaýtadan dikelder. Uçuşlar pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly, hepdede bir gezek amala aşyrylar.

4. 25-nji maýdan Türkmenistanyň welaýatlarynyň arasynda howagatnawlar gaýtadan dikeldiler. Mundan başga-da, tomusky dynç alyş möwsümini «Awazada» geçirmek isleýänler üçin ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine goşmaça uçuşlar amala aşyrylar.

5. Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna we söweşlerde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli 200 manat möçberinde pul sylagy we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

6. Aşgabatda Koreýanyň meşhur BTS toparynyň wideokonsertleri görkeziler. «Aşgabat» kinokonsert merkezinde konsertden wideogörnüşler 8-nji maýda sagat 12:00-da tomaşaçylara ýetiriler. Şeýle-de konsertiň wideogörkezilişi 22-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde sagat 12:00-da başlanar, Petekler barada maglumaty şu aşakdaky telefon belgilerinden sorap bilersiňiz.

  • «Aşgabat» k/m-niň kassasynyň belgisi 93 44 80/81;
  • «Türkmenistan» k/m-niň kassasynyň belgisi 49 26 58, 993 62 00 31 21.


7. Tomus paslyndan başlap türkmen telewideniýesinde Ýaponiýanyň meşhur köp bölümli filmi «Goçiso-san» («Hödür üçin sagboluň») tomaşaçylara ýetiriler.

8. «Çapar» mobil goşundysynda Daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlary arkaly onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. «Çapar» mobil goşundysy arkaly elektroenergiýa, suw üpjünçiligi, jemgyýetçilik hyzmatlar üçin tölegleri, köçe-ýol hereketiniň düzgünleri üçin jerimeleri, internet, öý telefony we mobil aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek mümkindir.

Dünýäde

1. Ostinde ýerleşýän Tehas uniwersitetiniň alymlary plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar. Hünärmenler maşyn öwreniş ulgamynyň, ýagny emeli aňyň hasaplamalarynyň kömegi bilen alnan modifisirlenen ferment arkaly şeýle netije gazandylar. Belki olaryň açyşy bilen ägirt uly mukdardaky plastik zyňyndylary sebäpli dörän ekologiki kynçylygy ýeňip geçmek başardar.

2. ABŞ-de adamyň beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça synaglar geçirilip başlandy. Synchron kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup täjirçilik maksatly beýni-kompýuter ulgamynyň üstünde kliniki barlaglary geçirip başlady. Synag şowly tamamlansa, çipler ähli isleg bildirýänlere satylar.

Sport habarlary

1. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Tailandyň ýygyndysy bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýär. Dostluk duşuşygy 27-nji maýda «Sisaket» stadionynda geçiriler.
Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 15:30-da başlanar. Toparlaryň arasyndaky öňki oýun 3:3 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy.

2. 2022-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa oýunlaryny näbelli möhlet bilen yza süýşürdiler. Oýunlar şu ýylyň tomsunda Hytaýyň Hançjou şäherinde geçirilmelidi. Bäsleşikleriň täze senesi geljekki günlerde yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň