Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Koreýanyň BTS toparynyň wideogörkezilişi bolar

16:1206.05.2022
1
17852
Aşgabatda Koreýanyň BTS toparynyň wideogörkezilişi bolar

Şu aýda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň dünýä meşhur BTS aýdym-saz toparynyň wideogörkezilişi bolar.

Ilkinji görkeziliş 8-nji maýda «Aşgabat» kinoteatrynda, gündiz sagat 12-de başlar. Ikinji görkeziliş ýene edil şol wagtda 22-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde bolar.

Bu toparyň 2013-nji ýylda döredilip, 2017-nji ýyla çenli dünýäniň aýdym-saz sahnasynda iň meşhur koreý topary hökmünde adygandygyny ýatladýarys.

Petekleri satyn almak üçin:

  • «Aşgabat» kinoteatry: 93 44 80/81;
  • «Türkmenistan» kinokonsert merkezi: 49 26 58, 993 62 00 31 21.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň