Turkmenportal logo
06.05.22
74687468
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da adam beýnisine çip ýerleşdirmek synaglaryna başlanyldy
Surat: istockphoto.com

«Synchron» kompaniýasy dünýädäki ilkinji beýni-kompýuter täjirçilik ulgamynyň, ýa-da Brain-Computer Interface (BCI) kliniki synaglaryna başlady. Ferra.ru-nyň habar bermegine laýyklykda, synaglaryň üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda çipler isleg bildirýänler üçin köpçülikleýin satylyp başlanar.


Taslamany işläp taýýarlaýjylaryň pikiriçe, «Brain-Computer Interface» ulgamy mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň daşarky dünýä bilen aragatnaşygyny ep-esli aňsatlaşdyrar. Beýnä bagly bolmadyk «Neuralink» çiplerinden tapawutlylykda, «Brain-Computer Interface» implantasiýa wagtynda gönüden-göni kellä ornaşdyrylan elektrodlar gan damarlaryndan beýni bilen arabaglanyşykly bolýar. Implantasiýa edilenden soň, ulgam beýniniň işjeňligini elektrik signallaryna öwürer we şeýlelik bilen onlaýn söwda, e-poçta, tekst habarlaşmasy we beýleki ýönekeý meseleleri çözmäge mümkinçilik döreder.