Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomus möwsümine taýýarlyk görýär, Aşgabatda Ýoga merkezi öz işini dikeltdi, Türkmenbaşyda köpugurly hassahana açyldy we beýleki täzelikler

11:1516.04.2022
1
16171

1. Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde berildi.

2. Aşgabatda «Baýtyýarlyk sport toplumynda hereket edýän Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezi öz işini dikeltdi. Merkez 2015-nji ýylda açyldy. Bu ýerde hatha-ýoga maşklaryny hindistanly ussat hanym Şital Dalwi geçýär.

3. Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasy boldy. Ýedi gatly lukmançylyk edarasynda 27 sany bölüm bar, ol 400 orunlykdyr.

4. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde tennis boýunça Çagalar festiwaly başlandy. Çäräniň çäklerinde bäş sany ýaş kategoriýalarynda ýaryşlar geçirilýär we isleg bildirýänler üçin «Açyk gapylar güni» geçirilýär.

5. Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy.

6. Türkmenistanyň telekeçileri Balkan welaýatynda durmuşa geçirmek üçin oba hojalyk ulgamynda 14 sany taslama işläp taýýarladylar. Şolaryň hatarynda, bakja önümlerini, üzümi we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmek, guşçulyk we maldarçylyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny we sowadyjy ammarlary gurmak bar.

7. Azerbaýjanda 15-nji aprelden ýurduň çägine girilende koronawirus boýunça PZR testiniň otrisatel netijesini görkezmäge bolan talap ýatyryldy.

8. Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalçylarynyň jübütleri belli boldy. Ýewropa ligasy ugrunda ýaryşy «West Hem» — «Aýntraht» we «Leýpsig» — «Reýnjers» dowam eder. Konferensiýalar ligasynda «Lester» - «Roma» we «Marsel» — «Feýenord» duşuşar.

9. Parižde 100 müň ýewro bahasy bolan ogrulanan skripka tapyldy. Fransuz paýtagtynyň ýaşaýjysy XIX asyra degişli bolan saz guralyny tapdy. Ogrulanan skripka eýesine gaýtarylyp berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň