Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda RF-de uzak aralykdan okamak boýunça dalaşgärler kabul edilip başlandy, Türkmenistandaky teatrlar işläp başlady, Serdar Berdimuhamedow TSTB-2022 sergisine gatnaşyjylary gutlady we beýleki täzelikler

10:0412.04.2022
0
7067

1. Türkmenistanda Halkara Mokswa uniwersitetinde distansion (uzak aralykdan) okuw boýunça maksatnamalara dalaşgärleri güýzki kabul etmeklik başlandy. Rus ýokary okuw mekdebinde ýokary bilimi dokuz ugur boýunça alyp bolýar.

2. Türkmenistanyň teatrlary 12-nji aprelden ýene-de müşderileri kabul edip başlar. Şol bir wagtda, tomaşa zallary 30%-e çenli doldurylar. Spektakllara arassaçylyk-öňüni alyş çärelerini berjaý etmek şerti bilen barmaga rugsat berler.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutany serginiň aýratyn ähmiýetini belläp, ýurtda kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmegä mundan beýläk hem uly üns beriljekdigini nygtady.

4. Türkmen IT-hünärmenleri gümrük port çärelerini ýeňilleşdirmek üçin täze programmany hödürlediler. «Sanly Çözgüt IT meýdança» hünärmenleriniň täze programma üpjünçiligi Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň ulanyjylaryna dowam edip duran wagtda arza bermäge mümkinçilik berer.

5. Türkmenbaşyda 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär. 7 gatly lukmançylyk edarasynda dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça dessin işler ýola goýlar. Hassahanada dogrum blümi we 200 orunlyk mejlisler zaly bar.

6. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli esasy dabaralar Balkan welaýatynda geçiriler. Şu ýyl baýramçylyk çäresi 24-nji aprelde geçiriler. Baýramçylyk maksatnamasynda sergi-ýarmarkalar guralar, iň owadan ahalteke bedewiniň bäsleşigi, konkur we at çapyşyklary geçiriler.

7. 17-nji aprelde 18:00-da Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri «Şelkunçik» film-baletine çagyrýar. Görkeziliş Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinň Mukamlar köşgünde geçiriler.

8. Türkmen halylary Nur-Soltanda geçirilýän «Gündogar wagty» sergisinde görkezildi. 17-nji maýa çenli dowam etjek sergidde gazak dizaýnerleriniň — Global Nomads Fashion Awards açyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň, özbek suratkeşleriniň we türkmen halyçy ussatlarynyň işlerini görmek bolýar.

9. Futzal boýunça Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Maldiwleriň topary bilen duşuşar. Duşuşyk 12-nji aprelde aşgabat wagty bilen 16:00-da geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň