Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

22:5211.04.2022
0
6945

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilýän senagatçylaryň we telekeçileriň sergisine we Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylary gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany ýurtda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigini Gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen Lideri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigini nygtaýar.

«Häzirki döwürde Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen, döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris» — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynda belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň