Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Maldiwler bilen geçirjek duşuşygy «Kyrgyz Sport TV» teleýaýlymynda görkeziler

23:3511.04.2022
0
5586

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 12-nji aprelde Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky jemleýji duşuşygyny geçirer. Bu duşuşykda biziň ildeşlerimiziň garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy bolar.

Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 16:00-da başlanjak duşuşyk Gyrgyzystanyň «Kyrgyz Sport TV» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Duşuşyk Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynda geçiriler.

Şu gün duşuşykda türkmen futzalçylary Maldiwleriň ýygyndysyny ýeňip, Aziýanyň kubogyna çykmagy maksat edinýär. Häzir Merkezi we Günorta sebite wekilçilik edýän «A» toparçada Eýranyň ýygyndysy 6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ilkinji duşuşygynda ýer eýelerini ― gyrgyz futzalçylaryny ýeňen ildeşlerimiz 3 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde eýýäm Özbegistanyň, Liwanyň, Bahreýniň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň, Omanyň we Wýetnamyň ýygyndylary Aziýanyň kubogynyň final tapgyryna çykdy.

Şu ýylyň 25-nji sentýabry ― 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň kubogyna 16 ýygyndy gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň