Soňky habarlar

Arhiw

Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)

12:5118.05.2024
0
10667

Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilýän «Italian Open» tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky finalçylar belli boldy. WTA-nyň sanawynda 1-2-nji orunlarda barýan polşaly Iga Şwentek bilen belarusly Aryna Sabalenka duşuşar. Iki tennisçi iki hepde mundan ozal «Madrid Open» bäsleşiginiň finalynda-da duşuşypdy we şonda Şwentek ýeňiş gazanypdy.

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da Konferensiýanyň finalyna çykan ilkinji topar belli boldy. Gündogar Konferensiýanyň ýarym finalynyň 5-nji duşuşygynda «Boston Seltiks» topary öz meýdançasynda «Kliwlend Kawalýersi» 113:98 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu olaryň seriýadaky 4-nji ýeňşi bolup, umumy hasapda 4:1 öňe saýlanan «Boston Seltiks» bassyr 3-nji, umumylyka bolsa 23-nji gezek Gündogar Konferensiýanyň finalyna çykdy.

Kazanda geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi» atly XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde şäheri otda oýnalýan hokkeýiň bütindünýä merkezine öwürmek boýunça giň gerimli meýilnamalar yglan edildi. «Kazan – buz üstündäki hokkeý boýunça yslam dünýäsiniň sport paýtagty» atly ilkinji taslama eýýäm üstünlikli ylalaşyldy.

Fransiýa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 – 11,1 milliard ýewro möçberde sap ykdysady peýda gazanmagy maksat edinýär.

16-njy maýda Counter-Strike 2 boýunça CCT Season 1 Global Finals halkara kibersport çempionaty başlandy, ýaryşyň baýrak gaznasy 500 müň dollar.

21-nji iýulda Arlingtondaky AT&T stadionynda (Tehas ştaty, ABŞ) boks boýunça super agyr agram derejesinde dünýäniň öňki absolýut çempiony Maýk Taýson bilen belli amerikan wideoblogeri Jeýk Poluň arasynda boks duşuşygy geçiriler. Boksçylar tutluşykdan öňki bakyşlaryň duelini geçirdiler.

Futbol boýunça 2027-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçiriljek 10-njy FIFA Dünýä Kubogynyň haýsy ýurtda guraljakdygy mälim edildi. FIFA-nyň Bangkokda geçiren kongressinde şol çempionatyň Braziliýada guraljakdygy habar berildi.

“As­ton Wil­la” to­pa­ry UEFA-nyň 1-nji de­re­je­li klub ýa­ry­şy Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan soň il­kin­ji ge­zek bu bäs­le­şik­de çy­kyş eder. Bir­min­gem şä­he­ri­niň we­ki­li 41 ýyl­dan soň UEFA-nyň iň uly klub ýa­ry­şy­na gat­na­şar.

Germaniýanyň 2-nji ligasy “Bundesliga 2”-de 33-nji tapgyrda 3-nji ýerdäki Fortuna Düsseldorf topary bilen 1-1 (Pihler 2 – Tzolis 70 p) deňme-deň oýnan “Holştaýn Kil” topary 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek ýokary liga çykdy.

“France Football” žurnaly Ispaniýanyň “Barselonasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowskä 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny bermegi göz öňünde tutýar. Ol 2020-nji ýylda baýrak üçin esasy dalaşgärleriň biridi, ýöne şol ýyl baýragyň gowşurylyş dabarasy koronawirus pandemiýasy sebäpli geçirilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň