Turkmenportal logo
12.04.22
2013720137
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandaky teatrlar tomaşaçylar üçin gapysyny giňden açdy
Türkmenistandaky teatrlar tomaşaçylar üçin gapysyny giňden açdy

12-nji aprelden başlap, Türkmenistandaky teatrlaryň ählisi tomaşaçylar üçin gapysyny giňden açar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Turkmenportal» web saýtymyza habar berdi.


Habarda bellenilişi ýaly, teatr zallarynyň 30 göterimi tomaşaçylar bilen doldurylar. Teatrda oýun görmäge barýan raýatlar saglyk durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini berjaý edip, köpçülik ýerlerinde 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini bellenilen kada görä dakynmalydyrlar. Teatrlaryň girelgesinde raýatlaryň gyzgynlygy ölçenip, olaryň elleri dezinfeksiýa ediler.


«Turkmenportal web saýtymyzyň üsti bilen okyjylarymyzy şu hepdäniň dowamynda teatrlaryň sahnasynda görkeziljek oýunlar we olaryň wagtlary bilen tanyşdyrarys.