14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:2914.05.2024
0
10880

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy pudagynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, 24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň mejlisi geçiriler, Türkmenistan we BSGG saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutany, bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem Prezident welaýatlaryň häkimlerine garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy. Gün tertibine saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle hem 27-nji maý — 1-nji iýun aralygynda Ženewada geçiriljek Bütindünýä saglyk assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

3. Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Mejlisiň dowamynda GDA ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

4. Türkmenistan Gyrgyzystanda geçiriljek «Salam Oş» atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşar. Bu sergi işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin täsirli işewürlik meýdançasyna öwrüler. Oňa syýahatçylyk pudagynyň iri wekilleri, halkara guramalary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşar.

5. 17-18-nji maýda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler. Resmi maksatnama görä, 17-nji maý agşamy Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň 60 metr beýiklikdäki ýadygärliginiň açylyş dabarasy bolar. Maslahata gatnaşyjylar bu dabaranyň hem myhmany bolarlar, onuň dowamynda yşyk şüweleňi, feýerwerk, konsert çykyşlary we beýleki baýramçylyk çäreleri meýilleşdirilýär.

Dünýäde

6. Hindistanyň Mumbaý şäherinde äpet mahabat tagtasynyň ýykylmagy sebäpli 14 adam aradan çykdy we 74 adam ýaralandy. Bu waka Gatkopar etrabynda boldy. Güýçli ýel sebäpli 30 metrlik desga ýaşaýyş jaýlarynyň we ýangyç bekediniň üstüne düşdi. Wakanyň bolan ýerinde halas ediş işleri alnyp barylýar.

7. Özbegistanda täsin waka bolup geçdi. Zarýady gutaran «BYD Song Plus» elektrik awtoulagyna atlar kömege geldi. Elektrik awtoulagynyň eýesi batareýada galan energiýany ýalňyş hasaplady we awtoulag ýolda galdy. Iki çapyksuwar oňa kömege geldi we olar elektrik awtoulagyny çekip alyp gitdiler.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň woleýbolçylary Yslamabatda geçirilýän CAVA Milletler ligasynda Gyrgyzystanyň toparyndan üstün çykdylar. Oýun 3:0 hasabynda tamamlandy. Ýaryşa 6 topar gatnaşýar, toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy iki topar finalda oýnar we 3-4-nji orny eýeleýän toparlar bolsa 3-nji ýer üçin güýç synanyşarlar.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçen 14-nji tapgyry çempionlyk ugrundaky göreşiň iň güýçlülerini kesgitledi. «Ahalyň» myhmançylykda «Altyn asyrdan» ýeňilmeginden soň, «Arkadag» öz meýdançasynda «Aşgabatdan» üstün çykyp, yzyndaky topar bilen aratapawudyny 11 utuga ýetirdi. «Merw» we «Şagadam», degişlilikde, «Energetikden» we «Köpetdagdan» iň az hasap bilen üstün çykyp, ilkinji üçlügi tamamlaýan «Altyn asyra» has ýakynlaşmagy başardylar. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry «Ahal» – «Nebitçi» oýny bilen açylar. Ertesi gün bolsa «Energetik» – «Şagadam», «Köpetdag» – «Arkadag» we «Aşgabat» – «Altyn asyr» oýunlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň