Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Aşgabatda türgenleşýär

11:2719.02.2022
0
6992

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy, şu günler Aşgabat şäherindäki «Galkan» gyşky sport oýunlary merkezinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Türgenleşiklere 14-nji fewralda badalga berildi. Bu barada «sportmedia.com.tm» web saýtynda habar berilýär.

Bu ýygnanyşygyň esasy maksady şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek dünýä çempionatyna (üçünji diwizion) ýokary derejede taýýarlanmakdan ybaratdyr. Milli ýygyndymyz diwizionyň «A» toparçasynda çykyş eder. Bu toparçada milli ýygyndymyzyň garşydaşlary Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Taýwanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary bolar. KHDR-iň milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Toparçada birinji orny eýelemek möhüm, çünki diňe şeýle netije ikinji diwiziona çykmagy kepillendirýär.

Türkmen hokkeýçileri bu ýaryşda ozalam üstünlikli çykyş edipdiler. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasynyň IIHF we dürli döwletleriň milli federasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini ýatladýarys.

Belläp geçsek, 2019-njy ýylyň ýazynda Bolgariýada geçirilen dünýä çempionatyna (üçünji diwizion) ilkinji gezek gatnaşan Türkmenistanyň topary kiçi bürünç medalyna mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň