Turkmenportal logo
19.02.22
49424942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
KHDR-iň milli hokkeý ýygyndysy 2022-nji ýylda Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi
Surat: IIHF

IIHF-iň web saýtynyň habar bermegine görä, KHDR-niň (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy) milli hokkeý ýygyndysy 2022-nji ýylda Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatyna (üçünji diwizion) gatnaşmakdan ýüz öwürdi.


Bilşimiz ýaly, KHDR-niň milli hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynyň (üçünji diwizion) «A» toparçasynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Lýuksemburgyň, Taýwanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndylary bilen bäsleşmelidi.


IIHF-niň web saýtynyň habar bermegine görä, «A» toparçasynyň ähli duşuşyklary 2022-nji ýylyň 3 — 9-njy apreli aralygynda Kokelşöýe (Lýuksemburg) buz meýdançasynda geçiriler.


Dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynda birinji orny eýelän ýygyndy ikinji diwizionda çykyş etmäge hukuk gazanar.