Arhiw

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň hünärmenleri dermanhana gelýänler tarapyndan ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap berýärler

11:4016.02.2022
0
4449

«Şypaly Çomuç» dermanhanasyna her gün ýüzlerçe adam gelýär.Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutýarlar.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň hünärmenleri müşderiler tarapyndan iň köp berlen sowallary belläp aldylar we olaryň jogaplaryny halk köpçüligi bilen paýlaşdylar.

Awitaminoz bilen gipowitaminozyň arasynda näme tapawut bar?

Awitaminoz – bu bedeniň kadaly işleýşini bozýan witamin ýa-da mineral ýetmezçiligidir.
Gipowitaminoz – bu belli bir witaminiň bölekleýin ýetmezçiligidir, munuň sebäbi ýeterlik iýmitlenmezlikdir. Netijede adam gaharlanýar, ýadaw bolýar we ukusyny ýitirýär.

Jenerik, analog ýa-da asyl nusga

Jenerik – bu nusgalarynyň düzümi birmeňzeş haryt nyşanly dermanlardyr. Jenerik derman serişdeleriniň bahasy bu derman serişdelerini öndürijileriň täze derman öndürmek we marketing üçin pul harçlamaýandyklary sebäpli arzandyr.
Adamlar köplenç analoglary jenerikler bilen garyşdyrýarlar. Analoglar topary şol bir keseli bejermäge gönükdirilendir, ýöne düzümindäki asyl nusgasyndan tapawutlanýar, jenerikler bolsa himiki düzümdäki asyl nusgasy bilen birmeňzeşdir we onuň nusgalarydyr.

Dermanlary gabyndan çykaranyňdan soň nädip we näçe wagt saklamaly?

Dermanyň gabynyň daşynda görkezilen senesi, diňe açylmadyk dermanlara degişlidir. Şonuň üçin hem, dermany gabyndan çykaran senäňizi elmydama depderçäňize bellik edip goýmaly.

Dermanlaryň gaby açylanyndan soň, saklanyş möhleti görnüşine baglylykda tapawutlanýar we bu baradaky düşündiriş dermanyň gabynyň daşyndaky gysgaça beýanda görkezilýär. Mysal üçin, käbir derman gerdejikleri suwuk görnüşdäki derman serişdelerinden has uzak möhletläp saklanylyp bilner.
Has dogrusy, dermanyň gabynyň daşynda gysgaça beýan edilen düşündirişe ser salanyňda, dermanyň diňe bir saklanyş möhletine däl-de, eýsem, beýleki möhüm şertlerine hem öndürijiniň tekliplerine eýermek zerurdyr.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň