Soňky habarlar

Arhiw

«Şypaly Çomuç»-iň hünärmenleri ýaşulylaryň saglygyna seretmek barada maslahat berýärler

14:3603.02.2022
0
6532

60 ýaşdan geçen adamlar garrylyk zerarly saglyk ýagdaýy gowşap, has köp kesellere sezewar bolup başlaýarlar. Garrylyk döwründe ýaşuly adamlaryň immuniteti peselip, dürli keseller bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olaryň durmuşynda şu aşakdaky ýaly töwekgelçilikli ýagdaýlar ýüze çykýar:

  • ýürek-damar ulgamynyň we beýniniň keselleri;
  • immunitetiň peselmegi;
  • iýmit siňdiriş organlarynyň bozulmagy;
  • daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleri;
  • ukynyň kadasynyň bozulmagy;
  • pikirleniş ukybynyň haýallamagy.

Şeýle-de bolsa, garrylyk bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriň we dowamly keselleriň täsiriniň öwezini dolmaklyk üçin, olaryň durmuşyny ýagty we manyly etmegiň ýollary bar. Bu babatda «Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň hünärmenleri şu aşakdakylary maslahat berýärler.

Dynç alyş, ýeňil gimnastika, ýeňil fiziki zähmet ýaly ortaça fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak zerurdyr. Ortaça fiziki işjeňlik ýürek-damar ulgamynyň, daýanç-hereket ediş ulgamynyň we iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly hereketini ýola goýýar. Ýöne garry adamlar çylşyrymly sport maşklaryndan we agyr zat götermeklikden saklanmalydyr.

Düzüminde ýeterlik witamin, süýüm, belok, ýag we uglewod maddalary ýeterlik bar bolan iýmitler bilen dogry iýmitlenmekligiň wagtyndan öň garramagynyň öňüni almaklykda we garry adamlaryň iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadaly ýagdaýa getirmeklikde örän oňyn ähmiýeti bar. Ýagly we iç ýaglary naharlardan, şeýle hem şekerli çaý içmeklikden ýüz öwürmeli. Garry adamlar yzygiderli, her günde azyndan üç gezek iýmitlenmeli.

Bütin ömrüniň dowamynda işjeň akyl hereketi bilen yzygiderli meşgullanan ynsanda garrylyk döwründe huşsuzlyk peýda bolmaz. Çünki, gözýetimleriň yzygiderli giňelmegi, täze maglumatlardan bada-bat habarly bolmagy, logiki meseleleriň çözülmegi garry adamlara köp ýyllaryň dowamynda pikirlenmegiň we durmuşa bolan gyzyklanmanyň aýdyňlygyny saklamaga mümkinçilik berer. Bu hili garry adamlaryň köpüsi kompýuter bilen internedi hem meýletin işjeň öwrenip başlaýar.

Saglyga we uzak ömürlilige bioňyn täsir edýän ýagdaýlaryň birem zyýanly endiklerdir. Çilim, alkogolly içgiler, aşa köp iýmitlenmek ýaly zyýanly etdikler umamadamzat saglygy üçin, esasanam, garry adamlaryň saglygy üçin örän howpludyr. Şonuň üçin hem, ýaşuly adamlaryň çilim çekmeklikden, alkogol içgilerini içmeklikden, aşa köp iýmitlenmeklikden gaça durmagy ýa-da ony iň pes derejä çenli azaltmagy örän möhümdir.

Dermanlar hem, garry adamlaryň sagdyn-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär, ýöne ýokardaky maslahatlary göz öňünde tutsaň, derman diňe çylşyrymly bejerginiň bir bölegi bolup galýar. Mundan başga-da, lukmanyň maslahaty bolmazdan, käbir dermanlar bilen öz-özüňizi ýa-da garry garyndaşlaryňyzy bejermeklikden gaça durmaly. Dermanlary diňe lukmanyň maslahaty bilen peýdalanmaly.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň